“Jeýms Uebb” ilkinji "bugly" planetany tapdy. Onuň atmosferasy suw bugundan doýgun

  • 15.10.2024 14:15
  • 9.6k+

“Jeýms Uebb” kosmos teleskopy suw buglary bilen doldurylan ilkinji ekzoplanetany tapyp, uly açyş etdi. Ýerden bary-ýogy 100 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän GJ 9827 d ekzoplanetasy 30%-den gowrak suw bugundan ybarat özboluşly atmosfera düzümi bilen alymlary haýran galdyrdy diýip, Space.com  habar berýär.

Alymlar atmosferasy “agyr” molekulalardan doýgun bolup biljek şeýle ekzoplanetalara öň hiç wagt duş gelmändiler. Şeýle-de bolsa, Ýer ýüzünde bize mälim bolan biologiki ýaşaýyş beýle şertlerde ýaşap bilmez - munuň üçin ol ýer aşa gyzgyn.
GJ 9827 d 2017-nji ýylda “Kepler” teleskopy tarapyndan tapyldy. Ol ýyldyzyndan bary-ýogy 8,4 million km uzaklykda ýerleşýär - bu Ýerden Güne çenli aralygyň 6%-i. Bu ekzoplaneta planetamyzdan iki esse uludyr we üç esse gabaralydyr. Şeýle ekzoplanetlere subneptunlar diýilýär. GJ 9827 d-de bir ýyl Ýeriň alty gününden gowrak dowam edýär.
2023-nji ýylda “Habble” teleskopyndan geçirilen ilkinji gözegçilikler atmosferadaky suw buglarynyň ilkinji alamatlaryny ýüze çykardy, bu alymlaryň ünsüni özüne çekipdi. Şeýle-de bolsa, indi “Jeýms Uebb” spektral gurallaryny ulanmak bilen geçirilen jikme-jik gözleglerden soň, planetanyň suw buglaryna “gark bolup oturandygy” ýüze çykdy.
Barlagyň awtorlaryndan biri Eşan Raul şeýle planetalaryň bize mälim biologiki durmuş üçin myhmansöýer däldigini aýtdy. Şeýle-de bolsa, topar şeýle "bug dünýäleriniň" açylmagynyň kosmosymyzda adaty zat bolup biljekdigini we öňde başga-da köp açyşlaryň bardygyny öňe sürýär.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....