Maýkl Jordanyň 10 mln dollardan gowrak bahaly zatlary Sotheby’s auksionyna çykarylar

  • 14.10.2024 15:35
  • 4.3k+

Sotheby’s auksion öýi onlaýn auksionyň geçiriljekdigini we onda meşhur basketbolçy Maýkl Jordanyň zatlarynyň hödürlenjekdigini habar berdi. 23-nji oktýabrdan 4-nji noýabr aralygynda umumy bahasy 10 mln dollardan gowrak bolan bäş haryt satuwa çykarylar diýip, Barron’s ýazýar.

Esasy lot Jordanyň 1996-1997-nji ýyllarda MBA-nyň çempionlyk möwsüminde “Çikago Bullzyň” düzüminde geýen gyzyl maýkasy bolar. Onuň deslapky bahasy 4-6 mln dollara barabar. Bu basketbolçynyň şol möwsümde geýen iki gyzyl maýkasynyň biri bolup, onuň karýerasynda iň ähmiýetlilerinden biri hasaplanýar.
Auksionyň maglumatlaryna görä, maýka klub tarapyndan satylany bäri şahsy elde boldy, bu bolsa Jordanyň ýadygärlik zatlary üçin seýrek ýagdaýdyr. Adatça, şeýle predmetlere eýeçiligiň taryhyny yzarlamak örän kyn.
Şeýle-de, satuwa “Dream Team” toparynyň agzalarynyň awtografy bolan ABŞ-nyň baýdagy çykarylar, bu baýdak bilen Jordan 1992-nji ýylyň Olimpiadasynda eşigindäki Reebok logotipiniň üstüni ýapdy. Reebok “Dream Team-iň” hemaýatkäridi, oýunçynyň özi bolsa Nike bilen hyzmatdaşlyk edýärdi. Bu baýdagy azyndan 1 mln dollara satmak meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, möhüm harytlaryň arasynda 1988-1989-njy we 1998-nji ýyl möwsümlerindäki maýkalar bar. Olar, degişlilikde, 2 mln dollar we 0,8-1,2 mln dollar bilen bahalandyrylýar.
Mundan öň, Sotheby’s şu ýyl Jordanyň alty jübüt oýun krossowkasy üçin 8 mln dollar alypdy.

düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
788

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.3k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.1k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......