Motorola adaty bolmadyk awtomatiki şarnirli eplenýän smartfony patentleýär

  • 14.10.2024 13:40
  • 6.3k+

Motorola kompaniýasy ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasyna (USPTO) şarnirli innowasion eplenýän smartfony üçin patent arzasyny berdi diýip, Gizmochina habar berýär.

Gürrüň wideo jaňy wagtynda enjamyň ekranynyň ulanyja görä hereket etmek funksiýasy barada gidýär. Ulanyjy elmydama kadrda galar ýaly, ekran awtomatiki ýagdaýda epin burçuny üýtgedýär.
Patentde beýan edilen mehanizm, öňdäki kameranyň ýagdaýynyň dinamiki sazlanmagy üçin Apple enjamlarynda ulanylýan “Apple Center Stage” funksiýasyny ýada salýar.

"Eplenýän enjamyň form-faktoryna özbaşdak gözegçilik" ady bolan bu patent, şarnirde ýöriteleşdirilen materiallaryň we kiçijik hereketlendirijileriň ulanylmagyny göz öňünde tutýar.

Häzirki wagtda bu diňe bir patent we onuň täjirleşdirilmegi sorag astynda galsa-da, şular ýaly tehnologiýalar eplenýän smartfonlaryň meşhurlygynyň artýan şertlerinde uly ähmiýete eýedir.

düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
788

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.3k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.1k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......