Mercedes-AMG CLE 63 2025-iň ilkinji suratlary peýda boldy

  • 12.10.2024 15:25
  • 11k+

Häzirki wagtda Nýurburgring ýolunda synagdan geçirilýän 2025-nji ýylyň Mercedes-AMG CLE 63 awtoulagynyň ilkinji suratlary peýda boldy diýip, IT Home habar berýär.

Başda bu modelde 4,0 litrlik V8 hereketlendirijisini ulanmakdan ýüz öwrüljekdigi çak edilýärdi. Şeýle-de bolsa, soňky çaklamalara görä, 585 at güýji bolan ýokary kuwwatlylygy üpjün etjek gibrid elementleriniň goşulmagy bilen bu hereketlendiriji awtoulagda ulanylar.
Täze CLE 63 ozalky C-Class we E-Class modelleriniň iň gowy häsiýetlerini özünde jemlär. Awtoulagyň arka tarapynda, onuň sport ulagydygyny we kuwwatlylygyny görkezýän 4 gaz turbasy ýerleşdirilendir.


03.06.2026 11:52
7.3k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....

30.04.2026 16:52
4.5k+

Mercedes tankytlardan soň awtomobillere fiziki düwmeleri gaýtaryp getirmek kararyna geldi

Mercedes kompaniýasy awtomobilleriň salonyndaky dolandyryş ulgamyna bolan çemeleşmesini täzeden gözden geçirýär we sanly ekranlary saklap galmak bilen, esasy funksiýalar üçin fiziki düwmeleri yzyna gaýtarmaly......