Ýurgen Klopp täze işe geçdi: ol "Red Bull-da" futbol amallaryna ýolbaşçylyk eder

  • 11.10.2024 10:59
  • 4.6k+

Angliýanyň “Liwerpul” klubunyň öňki baş tälimçisi Ýurgen Klopp Red Bull kompaniýasynda futbol amallarynyň ýolbaşçysy boldy.

Ol täze wezipede 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan işe girişer. Red Bull ulgamyna Germaniýanyň “Leýpsig”, Awstriýanyň “Zalsburg”, “Nýu-Ýork Red Bullz” (MLS) we Braziliýanyň “Red Bull Bragantino” klublary girýär.

“Men bizde bar bolan ajaýyp futbol zehinlerini ösdürmek, kämilleşdirmek we goldamak isleýärin” – diýip, “Red Bull” kompaniýasynyň metbugat gullugy sosial ulgamdaky resmi sahypasynda Kloppuň sözlerini getirýär. 

Ýatlap geçsek, Klopp geçen möwsüm tamamlanandan soň, “Liwerpuly” terk etdi. Ol ýakyn wagtda tälimçilik işine gaýdyp barmajakdygyny ençeme gezek aýtdy we hatda ABŞ-nyň milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk etmekden ýüz öwürdi.
Klopp tälimçilik karýerasyna “Maýnsda” başlady (2001-2008), soň Dortmundyň “Borussiýasyna” geçdi (2008-2015). Onuň ýolbaşçylygynda Dortmund kluby 1996-njy ýyldan bäri ilkinji gezek yzygider iki gezek ýurduň çempiony boldy we taryhda ikinji gezek Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy.
2015-nji ýylda “Liwerpula” tälimçi bolup, ony APL-de, Angliýanyň Kubogynda we Superkubogynda, iki Liga kubogynda, Çempionlar ligasynda, UEFA-nyň Superkubogynda we Klublaýyn dünýä çempionatynda ýeňşe getirdi. Kloppdan öň “Liwerpul” 1990-njy ýyldan bäri ýurduň çempionatyny utmandy.


şu gün 10:24
3.2k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.6k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.9k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......