Ýeriň golaýyndan baryp neandertallar döwründe geçen kometa uçup geçer

  • 10.10.2024 20:39
  • 7k+

Geljek dynç günleri Ýeriň ýaşaýjylary asmanda C/2023 A3 Suçinşan-ATLAS kometasyny görüp bilerler. Bu asman jisimi 80 müň ýyldan soň ilkinji gezek Gün ulgamynyň golaýyndan uçup geçer diýip, CNN habar berýär.

Suçinşan-ATLAS soňky gezek Ýere baryp neandertallar döwründe şeýle ýakyn gelipdi. Ol geçen ýylyň ýanwar aýynda Hytaýyň Suçinşan obserwatoriýasy tarapyndan ýüze çykaryldy. Soňra onuň barlygy ATLAS taslamasynyň kömegi bilen Günorta Afrikada tassyklandy. Şol sebäpli C/2023 A3 iki ada eýe boldy.
Ozal günorta ýarym şarynyň ýaşaýjylary bu asman jisimini görüp bildiler, indi oktýabr aýynyň ortasyndan noýabr aýynyň başyna çenli demirgazyk sebitler hem ony synlap biler. 12-nji oktýabrda kometa Ýere mümkin boldugyndan has ýakyn geler, şonda planeta bilen onuň arasyndaky aralyk 71 mln km barabar bolar.
Kometany Gün ýaşandan soň asmanyň günbatar böleginde görmek bolar. Adamlaryň köpüsine dürbi gerek bolar, ýöne gözleri ýiti adamlar ony ýönekeý göz bilen görüp bilerler.
NASA-nyň meteoroid gurşawy bölüminiň ýolbaşçysy Bill Kukuň belleýşi ýaly, kometa meteor ýaly hereket etmän, “gijeden-gijä ýagdaýyny ýuwaşlyk bilen üýtgeder”.
Şeýle-de, astronomlar güýzüň beýleki möhüm astronomiki hadysalary barada habar berýärler. Mysal üçin, 17-nji oktýabrda Superaýy görmek bolar – Aý şu ýylyň islendik beýleki dolan Aýyndan Ýere has ýakyn bolup, 7,9% uly we 15,7% ýagty görner.


22.03.2026 16:34
3.9k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.3k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8.1k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...