ABŞ-da uçarmansyz uçýan “baky” uçar synagdan geçirildi. Ol Gün energiýasy bilen işleýär

  • 10.10.2024 18:21
  • 6.9k+

Amerikanyň Skydweller Aero kompaniýasy diňe Gün energiýasy bilen işleýän uçarmansyz uçýan Skydweller apparatynyň synaglaryny üstünlikli tamamlady. Inženerler täsirli özbaşdaklygy gazanmagy başardylar.

Synaglar Missisipi ştatynda geçirildi. Synag uçuşlary wagtynda apparat zarýad bermezden 22,5 sagada çenli howada boldy we işläp düzüjileriň sözlerine görä, bu entek aňryçäk däl. Kompaniýa geljekde uçarmansyz uçaryň birnäçe hepdeläp, hatda birnäçe aýlap awtonom uçup biljekdigini öňe sürdi.
Skydweller uglerod süýüminden ýasalýar, ganatlarynyň uzynlygy 72 metr bolup, Boeing 747 uçarynyň ululygy bilen deňeşdirilýär. Apparatyň agramy 2,5 tonna bolup, 133 müň metre çenli beýiklige 363 kg ýüki göterip äkitmäge ukyply.
Uçarmansyz uçar Gün energiýasy bilen işleýär we ýangyç ýa-da daşyndan elektrik energiýasyny talap etmeýär. Mundan başga-da, apparat sessiz we uglerod zyňyndysyz işleýär.
Şeýle uçarmansyz uçaryň köp ugurlarda peýdaly boljakdygy bellendi. Hususan-da, ony deňiz garakçylaryna we neşe söwdasyny edýänlere gözegçilik etmek, şeýle hem ýabany haýwanlaryň göçmegine we Afrikada brakonýerlige garşy göreşmek üçin ulanmak meýilleşdirilýär.


09.06.2026 23:32
4.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

03.06.2026 23:03
7.2k+

Trampyň administrasiýasy ummana gözegçilik edýän iň kämil ulgamlaryň birini ýapar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy deňiz gurşawyny, ekoulgamlary we ahlumumy howa şertleriniň özgertmelerini öwrenmek üçin ulanylan, bahasy 368 million dollara barabar «Ocean Observatories......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

27.05.2026 15:35
4.1k+

Alymlar iň köp wulkanly ýurduň adyny aýtdylar

Alymlar dünýäde iň köp wulkanyň ABŞ-da ýerleşýändigini anykladylar. Smitson institutynyň Global wulkançylyk maksatnamasyna görä, ýurtda soňky 12 000 ýylyň dowamynda atylan wulkanlaryň sany takmynan 165....