HBO dokumental filminde bitkoini döredijiniň kanadaly işläp düzüjidigi aýdylýar

  • şu gün 17:18
  • 844
HBO dokumental filminde bitkoini döredijiniň kanadaly işläp düzüjidigi aýdylýar

HBO “Money Electric: The Bitcoin Mystery” atly dokumental filminde bitkoini döredijiniň kanadaly işläp düzüji Piter Todd bolup biljekdigi baradaky pikiri öňe sürýär.

Filmde Todduň 2010-njy ýyldan bäri kriptowalýutanyň ösüşine işjeň gatnaşandygy we onuň bar bolan irki ýyllarynda iň belli işläp düzüjileriň biri bolandygy bellenilýär. Şeýle-de, filmiň awtorlary 2010-njy ýylda Todduň, hamala, BitcoinTalk forumynda bitkoiniň tehniki jikme-jikliklerini ara alyp maslahatlaşmakda Satoşi Nakamotonyň materialyny tötänleýin öz akkauntyndan dowam etdirendigine, şondan soň iki akkauntyň hem deň wagtda işjeňlik görkezmändigine üns berdiler. Mundan başga-da, filmiň awtory Nakamoto we Todd tarapyndan ulanylýan grammatiki we sintaktik gurluşlaryň meňzeşligine ünsi çekýär.
Filmiň režissýory Kallen Hobak 2010-njy ýylda Todduň kollejde okandygyny, Satoşi Nakamotonyň köp habarlarynyň bolsa tomusda, Todduň sapaklary ýok wagty çap edilendigini belleýär. Şeýle-de, hut Todd işläp düzüji hökmünde bu forumda maslahatlaşylan funksiýany iş ýüzüne geçirdi. Hususan-da, ol kripto-amallary işlemegi çaltlaşdyrmaga kömek eden Replace-by-Fee konsepsiýasynyň başynda dur.
Umuman, Todduň özi X sosial ulgamynda “Men Satoşi däl” diýip ýazmak bilen, kriptowalýutany döretmäge gatnaşygy baradaky maglumaty ret etdi. Coindesk üçin beren teswirinde Todd HBO filminiň awtory Kallen Hobagyň “ownujak zada ýapyşýandygyny” aýdyp, ret edýändigini ýene bir gezek nygtady.
Şeýle-de, ol KHBS-e hat iberip, onda Kallen Hobak ýaly adamlaryň kriptowalýutany döredijini tapmak synanyşyklaryny bes etmelidigini ýazdy. Todd bu pikiriň diňe bir manysyz bolman, eýsem ýaramaz netijelere getirip biljekdigini belleýär. Ähtimal, işläp düzüji kimdir biri Satoşi Nakamotonyň şahsyýetini mälim etse, ony howp astyna goýjakdygyny göz öňünde tutandyr: 2024-nji ýyldaky ýagdaýa görä Satoşi multimilliarder bolmaly.
Kriptowalýutany dörediji bilen baglanyşykly gapjyklarda, takmynan, 1,1 mln bitkoin bar diýlip çaklanylýar. Häzirki hümmet boýunça bu 69 mlrd dollardan gowrak.
Bitkoin 15 ýyl mundan ozal peýda boldy. 2008-nji ýylyň ahyrynda Satoşi Nakamoto atly kimdir biri kriptowalýutanyň işleýiş ýörelgesini beýan edýän ylmy işi çap etdi, indiki ýylyň başynda bolsa ulgamyň ilkinji wersiýasyny hödürledi. Ýöne Satoşiniň şahsyýeti kripto-pudagynda iň bir syrly meseleleriň biri bolup galýar. Bu lakamyň aňyrsynda gizlenýän adamlaryň sany hemişe täzelenýär. Dürli wagtda bitkoini döredijiniň amerikaly kriptograf Nik Sabo, asly Ýaponiýadan amerikaly inžener Dorian Nakamoto, awstraliýaly alym we telekeçi Kreýg Raýt ýa-da hatda Tesla-nyň we SpaceX-iň ýolbaşçysy Ilon Mask bolup biljekdigi barada pikirler öňe sürüldi.


06.10.2024 11:09
3.7k+

HBO bitkoini döredijiniň şahsyýetini açmagy wada berýän film çykarýar

Bitkoin kriptowalýutasyny döreden Satoşi Nakamotonyň şahsyýeti häli-häzire çenli syrly bolmagynda galýar. Bu lakamyň aňyrsynda bir topar adamyň gizlenip biljekdigi barada aýdylýar. Her niçigem bolsa, onuň şahsyýeti...

02.06.2024 23:27
16k+

4 müň dollarlyk bitkoin gapjygynyň ýitirilen parolyny, gymmaty 3 million dollara galanda açyp bildi

11 ýyl mundan ozal özüniň 43,6 bitkoinli kripto-gapjygynyň parolyny ýitiren bir adam inžener-hakeriň kömegi bilen serişdesini yzyna alyp bildi diýip, Independent neşiri ýazýar. 2013-nji ýylda kripto-gapjygyň eýesi...

16.03.2024 22:49
12k+

Bitkoiniň awtory näbelliligine galýar. Kazyýet Kreýg Raýty onuň döredijisi hökmünde ykrar etmedi

Angliýanyň we Uelsiň Ýokary kazyýeti awstraliýaly telekeçi we alym Kreýg Raýtyň Satoşi Nakamoto lakamy bilen gizlenýän bitkoin döredijisi däldigi barada karar berdi. Bu barada The Guardian habar berýär. Degişli...

29.02.2024 15:11
2.7k+

Kripto-bazary soňky iki ýylda ilkinji gezek 2,4 trln dollara çenli ýokarlandy

Kriptowalýuta bazary 2,437 trln dollar kapitalizasiýa ýetmek bilen, güýçli ösüşi görkezýär. Kripto-aktiwleri bu görkezijä soňky iki ýylda ilkinji gezek ýetdiler diýip, Bloomberg agentligi habar berýär. Ösüşiň esasy...