Ford Toyota-syny terk edip, "Bronco" satyn alanlara pul hödürleýär

  • 08.10.2024 09:50
  • 9.2k+

Ford Toyota markaly awtoulagyň eýelerini özüne çekmek üçin täze mahabat kampaniýasyny yglan etdi. Onuň şertlerine görä, Toyota-nyň islendik modeliniň eýeleri, öndürilen ýylyna ýa-da awtoulagyň görnüşine garamazdan, Ford Bronco kysymly ulag satyn alsalar, 2000 dollara çenli bonus alyp bilerler diýip, CarBuzz ýazýar.

Aksiýa 1995-nji ýyldan soň satyn alnan sedanlara, pikaplara we Toyota-nyň beýleki modellerine degişlidir.
Gyzykly tarapy, öňki şuňa meňzeş aksiýalardan tapawutlylykda, häzirki aksiýa Ford Bronco-nyň gönüden-göni bäsdeşi bolan awtoulaglaryň (krossowerleriň) eýelerine gönükdirilen däl. Bonusy almak üçin Toyota-nyň islendik modeliniň, şol sanda sedanlaryň ýa-da pikaplaryň eýesi bolmak ýeterlik. Ýeke-täk şert - awtoulag 1995-nji ýyldan öň satyn alnan bolmaly däl. Şol bir wagtyň özünde, müşderilerden Toyota awtoulaglaryndan dynmak talap edilmeýär.

Aksiýa 2025-nji ýylyň 2-nji ýanwaryna çenli dowam eder we ABŞ-nyň diňe käbir  ştatlarynda hereket eder. Mundan başga-da, aksiýa iň naýbaşy modeli bolan Ford Bronco Raptor-a degişli däldir.
Şu ýylyň başynda Ford Jeep-iň eýeleri üçin 500-den 1000 dollar aralygynda arzanladyş hödürläp, şuňa meňzeş aksiýa geçirdi.
Mundan başga-da, kompaniýa gar adamy gözlemek üçin ýörite döredilen özboluşly Bronco ulagyny utuşa goýmagy meýilleşdirýär.


düýn 21:15
2.9k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

19.06.2026 19:45
1.7k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......