Fiziologiýa we lukmançylyk boýunça Nobel baýragy mikroRNK-ny tapanlara berildi

  • 07.10.2024 23:56
  • 4.9k+

Nobel komiteti 2024-nji ýylda fiziologiýa we lukmançylyk boýunça baýraga eýe bolanlaryň atlaryny yglan etdi. Wiktor Embros bilen Geri Rawkun “mikroRNK-lary açandyklary we gen ekspressiýasynyň transkripsiýadan soňky düzgünleşdirilmegindäki roluny derňändigi” üçin ýeňiji boldular.

MikroRNK – bu ribonuklein kislotasynyň gysga molekulalarynyň, RNK-nyň aýratyn synpy bolup, beýleki molekulalar bilen birlikde köp genleriň işjeňligini kesgitleýär. Köp ýagdaýlarda belli bir geniň bedeniň käbir öýjüklerinde işjeň boljagy-bolmajagy mikroRNK baglydyr.
Bu açyş 1993-nji ýylda neşir edildi.
Ambros 1953-nji ýylyň 1-nji dekabrynda doguldy. 1979-njy ýylda ol Massaçusets Tehnologiýa Institutyndan (MIT) doktorlyk derejesini aldy. Köp sanly ylmy baýraklaryň ýeňijisi, mikroRNK-lary ilkinji bolup açanlygy bilen meşhurdyr.
Rawkin 1952-nji ýylyň 26-njy martynda doguldy, Ambros bilen mikroRNK-ny öwrenmegiň üstünde işledi hem-de Amerikanyň Sungat we ylymlar akademiýasynyň agzasy hasaplanýar.
Geçen ýyl lukmançylyk boýunça Nobel baýragy Katalin Kariko we Drew Waýsmana "COVID-19 üçin täsirli mRNK sanjymlaryny ösdürmäge mümkinçilik beren nuklein kislotasynyň esaslaryny üýtgetmekdäki açyşlary" üçin berildi.
Nobel hepdeligi fiziologiýa we lukmançylyk pudagynda baýrak alanlaryň yglan edilmegi bilen açylýar. 8-nji oktýabrda fizika boýunça Nobel baýragynyň eýeleriniň, 9-njy oktýabrda – himiýa boýunça we 10-njy oktýabrda – edebiýat boýunça baýrak eýeleri yglan ediler. 11-nji oktýabrda Osloda Parahatçylyk baýragynyň eýesi yglan ediler we 14-nji oktýabrda şu ýyl  Alfred Nobeliň (ony 1968-nji ýylda Şwesiýa Banky tarapyndan esaslandyrdy) hatyrasyna döredilen Ykdysadyýet baýragyny kimiň alandygy belli bolar.
Her kategoriýada Nobel baýragynyň pul bölegi 11 million şwed kronydyr. Walýutanyň häzirki hümmetinde bu 1 million dollardan sähel geçýär.


düýn 12:08
5.5k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......