Rolls-Royce özboluşly golografik boýagly Specter Lunaflair-i hödürledi. Onda 577 at güýji bar

  • 04.10.2024 15:40
  • 8.1k+

Rolls-Royce kompaniýasy Bespoke topary tarapyndan işlenip düzülen özboluşly Specter Lunaflair awtoulagyny hödürledi. Awtoulag ady gizlin saklanan bir amerikaly tarapyndan ýörite sargyt boýunça ýeke-täk nusgada öndürildi diýip, Carscoops habar berýär. 

Awtoulag älemgoşaryň täsirini döredip, golografiki reňki bilen tapawutlanýar. Reňklenişi bulutlardaky buz bölejikleriniň içinden geçýän ýagtylyk döwlendäki Aý agyllamasynyň täsirini döredýär.
Öndürijiniň tassyklamagyna görä, bu üýtgeşik boýagy tapmak üçin bir ýyldan gowrak wagt gerek boldy. Rolls-Royce-yň hünärmenleri islenýän netijäni gazanmak üçin ýedi gat lak we ýörite sadap reňk örtük ulanyp, giňişleýin synag geçirdiler. Soňkusyna "magniý we alýumin ftoridiniň owuntyklary siňdirildi".
Awtoulagyň içi ak, goýy gök we pion reňkleri birleşdirýär, şeýle hem Aý agyllanda görünýän reňk utgaşmasyny şöhlelendirýär.


21.05.2026 11:31
6.1k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

20.04.2026 09:01
3.2k+

Rolls-Royce örän kaşaň Nightingale elektro kabrioletinden diňe 100 sanysyny öndirer

Rolls-Royce kompaniýasy çäkli mukdarda çykaryljak Nightingale elektrik kabrioletini tanyşdyrdy. Bu model «Coachbuild» bölüminiň ilkinji resmi kolleksiýasy bolar we jemi 100 nusgada öndüriler. Täze model......

19.04.2026 10:32
2k+

Rolls-Royce Beýik Britaniýada kiçi ýadro reaktorlaryny gurar

Beýik Britaniýa Rolls-Royce kompaniýasy bilen ilkinji kiçi modully ýadro reaktorlaryny gurmak barada şertnama baglaşdy. Bu taslama arassa energiýany ösdürmek we ýurduň energetika howpsuzlygyny berkitmek......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......