Huawei ýolbaşçysyny çalşyrýar: kompaniýany esaslandyryjynyň gyzy dolandyrar

  • 03.10.2024 23:43
  • 10k+

Sabrina Men alty aý möhlet bilen Huawei-niň çalşyrylýan başlygy we baş müdiri wezipesini eýeledi. Ol 2024-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan 2025-nji ýylyň 31-nji martyna çenli kompaniýa ýolbaşçylyk eder diýip, Hytaýyň tehnologiýa ägirdi habar berdi.

Men kompaniýanyň müdirler geňeşine we ýerine ýetiriji komitetine ýolbaşçylyk edip, şol bir wagtyň özünde maliýe müdiriniň borçlaryny ýerine ýetirmegini dowam eder. Täze wezipede ol 30-njy sentýabrda ygtyýarlylyk möhleti tamamlanan Erik Sýuýyň ornuny eýeledi.
Sabrina Men Huawei-niň esaslandyryjysy Žen Çženfeýiň gyzydyr. Ol kompaniýada 1993-nji ýyldan bäri işleýär we öň halkara buhgalteriýa bölüminiň müdiri we buhgalter hasabyny dolandyryş bölüminiň prezidenti wezipelerini eýeledi. Ol 2023-nji ýylyň aprel aýynda çalşyrylýan başlyk wezipesini ilkinji gezek eýeläpdi. Şonuň üçin bu onuň bu wezipede ikinji möhletidir.
Huawei ýolbaşçylary çalşyrmaga esaslanýan özboluşly dolandyryş ulgamyny ulanýar. 2004-nji ýyldan kompaniýa baş operasion müdiri çalşyrmak ulgamyny işe girizdi, 2018-nji ýylda bolsa ol başlygy çalşyrmak ulgamyna öwrüldi. Häzirki wagtda kompaniýada üç çalşyrylýan başlyk bar: Sabrina Men, Erik Sýuý we Ken Hu. Olaryň her biri wezipäni alty aý möhlet bilen eýeleýär, bu hem kompaniýa strategiýalara dürli tarapdan seretmäge mümkinçilik berýär.


27.05.2026 15:34
2.7k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.8k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

27.02.2026 12:03
1.5k+

Huawei 2025-nji ýyly 127 milliard dollar rekord girdeji bilen tamamlady

2025-nji ýylyň netijeleri boýunça Huawei-iň girdejisi 127 milliard dollara ýetdi. Bu görkeziji kompaniýanyň 2020-nji ýyldaky, ýagny sanksiýalardan öňki derejesine laýyk gelýär diýip, South China Morning Post neşiri habar berýär...

17.01.2026 14:38
3.9k+

Huawei Apple-den öňe geçip, 2020-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Hytaýyň smartfon bazarynda öňdebaryjy boldy

Huawei 2025-nji ýylyň jemi boýunça soňky bäş ýylda ilkinji gezek Hytaýyň smartfon bazarynda öňdebaryjylygy gaýdyp aldy. Muny South China Morning Post-a salgylanýan IDC analitiki kompaniýasynyň maglumatlary delillendirýär...