Salah Çempionlar ligasynyň taryhynda Drogbadan öňe geçip, iň köp gol geçiren afrikaly oýunçy boldy

  • 03.10.2024 23:34
  • 9.5k+

“Liwerpulyň” müsürli hüjümçisi Mohammed Salah Çempionlar ligasynyň taryhynda iň köp gol geçiren afrikaly futbolçylaryň sanawynda birinji orunda durýar.

Penşenbe güni gije  (Aşg. wagty) futbolçy Ýewropanyň esasy ýaryşynda 45-nji goluny tora girizdi. Salah Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň 2-nji oýnunda Italiýanyň “Bolonýasynyň” derwezesine gol geçirdi. Duşuşyk “Liwerpulyň” peýdasyna 2:0 hasabynda tamamlandy.
Şeýlelikde, müsürli futbolçy 44 gol geçiren, kot-d’iwuarly, “Çelsiniň” öňki hüjümçisi Didýe Drogbanyň görkezijisinden öňe geçdi. 30 gol bilen üçünji ýeri Kamerunyň hüjümçisi Samuel Eto'O eýeleýär.
Çempionlar ligasynyň 1-nji tapgyrynda “Liwerpul” “Milany” ýeňdi (3:1). Arne Slotyň topary indiki oýnuny 23-nji oktýabrda “RB Leýpsig” bilen geçirer.


şu gün 00:22
1.3k+

«Pari Sen-Žermen» Laureus tarapyndan ýylyň iň gowy sport topary diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» futbol kluby «Laureus World Sports Awards» dabarasynda 2025-nji ýylyň iň gowy sport topary hökmünde ykrar edildi....

düýn 14:50
3.4k+

Sobolenko, Alkaras we Ýamal ýylyň iň gowy türgenleri hökmünde Laureus baýragyny aldy

Madridde dünýäde sport «Oskary» diýlip atlandyrylýan Laureus baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça iň gowy türgenler diýlip tennisçiler — Belarusyň wekili Arina Sobolenko......

20.04.2026 15:24
7.8k+

FIFA-nyň prezidenti 2026-nyň dünýä çempionatynyň biletleriniň gymmat bolmagynyň sebäbini düşündirdi

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň oýunlaryna biletleriň gymmat bolmagynyň guramanyň maliýe gurluşy bilen baglydygyny, sebäbi bu ýaryşyň gurama üçin ýeke-täk girdeji......

19.04.2026 15:02
4.5k+

«Çelsiniň» baş kompaniýasy 630 million funt sterling möçberde zyýan çekdi

«Çelsi» futbol klubunyň baş kompaniýasy bolan BlueCo 22 2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanan maliýe ýylynyň netijeleri boýunça 630 million funt sterling möçberinde zyýan çekendigini hasaba aldy....