Lewandowski Çempionlar ligasynda oýun sany/gol boýunça Ronaldudan geçip, Messi bilen deňleşdi

  • 03.10.2024 14:11
  • 15k+

“Barselonanyň” polşaly hüjümçisi Robert Lewandowski Çempionlar ligasynda ortaça netijelilik boýunça öňdebaryjy boldy. Opta Jose statistika portalynyň maglumatlaryna görä, oýunçy her oýun üçin 0,79 gol gatnaşygyny görkezýär, bu hem ony argentinaly Lionel Messi bilen deňleşdirýär.

Karýerasynyň dowamynda Lewandowski Çempionlar ligasynyň 122 oýnunda 96 gol geçirdi. Bu döwürde ol üç klub: “Barselona”,  “Bawariýa” we Dortmundyň “Borussiýasy” üçin çykyş etdi.
Bu görkeziji boýunça Lewandowski portugaliýaly Kriştianu Ronaldudan we niderlandly Rud wan Nistelroýdan öňe geçdi, olaryň görkezijisi 0,77 gola deň.
Netijelilik boýunça öňdebaryjylaryň bäşligini her oýun üçin 0,59 gol görkezijisi bilen fransiýaly Karim Benzema jemleýär.
Lewandowski ýokary netijeleri görkezmegini dowam etdirýär. Sişenbe güni 2024/25 möwsüminiň Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň 2-nji tapgyr oýnunda “Barselona” Şweýsariýanyň “Ýang Boýz” klubuny 5:0 hasabynda utdy. Şol oýunda Lewandowski iki gol geçirdi.


şu gün 10:24
3.2k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.6k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.9k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......