“Altyn Asyr” AFK-2 Çempionlar ligasynda ikinji ýeňlişine sezewar boldy

  • 03.10.2024 12:30
  • 11k+

Aşgabadyň futbol kluby “Altyn Asyr” AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň Bahreýniň “Al-Haldiýa” toparyna garşy ikinji tapgyr oýnunda ýeňlişe sezewar boldy. Oýun 2-nji oktýabrda “Aşgabat” stadionynda geçirilip, 0:1 hasabynda tamamlandy.

Ýeke-täk goly oýnuň birinji ýarymyna goşulan 4-nji minutda “Al-Haldiýanyň” hüjümçisi Usama Bellatreçe geçirdi.
Oýnuň ikinji ýarymynda türkmen toparynyň gol salmak üçin işjeň synanyşygyna garamazdan, hasaby deňlemek başartmady.
Oýundan soňky metbugat maslahatynda “Altyn Asyryň” baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew netijeden lapykeç bolandygyny aýdyp, toparyň, iň bolmanda, bir utuga mynasypdygyny belledi.
“Altyn Asyr” üçin bu ýaryşdaky ikinji ýeňliş boldy. Birinji oýunda topar myhmançylykda Yragyň “Eýr Forsundan” 1:2 hasabynda utuldy. 6-njy noýabrda geçiriljek indiki tapgyrda Ýazguly Hojageldiýewiň topary myhmançylykda “Al-Taawun” saud toparyna garşy oýnar.


düýn 00:22
3.3k+

«Pari Sen-Žermen» Laureus tarapyndan ýylyň iň gowy sport topary diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» futbol kluby «Laureus World Sports Awards» dabarasynda 2025-nji ýylyň iň gowy sport topary hökmünde ykrar edildi....

21.04.2026 20:58
4.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

21.04.2026 14:50
4.1k+

Sobolenko, Alkaras we Ýamal ýylyň iň gowy türgenleri hökmünde Laureus baýragyny aldy

Madridde dünýäde sport «Oskary» diýlip atlandyrylýan Laureus baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça iň gowy türgenler diýlip tennisçiler — Belarusyň wekili Arina Sobolenko......

20.04.2026 15:24
8.3k+

FIFA-nyň prezidenti 2026-nyň dünýä çempionatynyň biletleriniň gymmat bolmagynyň sebäbini düşündirdi

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň oýunlaryna biletleriň gymmat bolmagynyň guramanyň maliýe gurluşy bilen baglydygyny, sebäbi bu ýaryşyň gurama üçin ýeke-täk girdeji......