BYD we Huawei dünýäde ilkinji awtoulagy ýolsuz ýerden aňly dolandyryş ulgamyny döredýär

  • 02.10.2024 18:31
  • 7.6k+

BYD we Huawei awtoulagy ýolsuz ýerden aňly dolandyryş üçin çözgüt işläp taýýarlamaga gönükdirilen hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşdylar. Şertnama iki kompaniýanyň hem baş edaralarynyň ýerleşýän ýeri bolan Şençžende gol çekildi diýip, IXBT habar berýär.

Şertnama BYD-e degişli bolan Fang Cheng Bao brendi üçin bilelikdäki gözlegleri çuňlaşdyrmaga we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilendir.
Aňly dolandyryş çözgüdi bilen üpjün ediljek ilkinji awtomobil Fang Cheng Bao Leopard 8 modeli bolar. Awtoulag Huawei-niň Qiankun ADS 3.0 ulgamyny ulanar, bu ADS 2.0-yň toplumlaýyn täzelenen wersiýasydyr. Täze ulgam goşmaça maglumatlar bilen okatmagyň we hakyky synaglaryň netijesinde ýollary we şekilleri tanamagy has kämilleşdirýär.
Qiankun ADS 3.0 ulgamy awtoulagyň duralgada goýulmagyny we dürli ýagdaýlarda çaknyşmalaryň öňüni almagy üpjün edýär. Ulgam sürüjä awtoduralganyň islendik ýerinde çykmaga, awtoulagyň bolsa özüniň ýerleşmegine mümkinçilik berýär. Öň, bu ulgam Luxeed S7 flagman modelinde gurnalypdy. Geljekde bu çözgüdi BYD-yň Fang Cheng Bao brendiniň beýleki modellerinde hem ulanmak meýilleşdirilýär.


16.06.2026 07:52
4.1k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

13.05.2026 09:33
7.6k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

01.05.2026 08:01
5k+

Hytaýda awtoulag faralaryny kinoproýektora öwürdiler. Bu Huawei-iň täzeligi

Huawei kompaniýasy awtoulagyň yşyklandyryşyny, howpsuzlyk  ulgamyny we multimediýa funksiýalaryny özünde birleşdirýän we faralary doly derejeli proýektora öwürýän täzelenen xPixel tehnologiýasy bilen......