Hyundai döredileni bäri 100 millionynjy awtoulagyny çykardy. Iň köp satylan – Elantra sedany

  • 02.10.2024 10:27
  • 5.3k+

Hyundai Motor Company esaslandyrylany bäri, 57 ýylyň içinde 100 million awtoulag öndürendigini habar berdi. Teslaratiniň bellemegine görä, ýubileý awtoulagy 15 milliondan gowragy satylan, brendiň iň geçginli awtoulagy bolan Avante (Elantra) ykjam sedanydyr.

Satuwda ikinji ýeri 10 million birligi satylan Accent (Solaris) modeli eýeleýär.
Kompaniýanyň iň köp satylan bäş awtoulagyna Sonata, Tucson we Santa Fe hem girdi.
100 millionynjy awtoulagyny öndürenden soň, konweýerden elektrik ulaglary pudagynda kompaniýanyň geljegini alamatlandyryp  Hyundai Ioniq 5 düşdi.
Hyundai-2024-iň Baş maýadar direktorynyň gün tertibiniň çäginde kompaniýa elektrik, gibrid we wodorod ulaglary portfelini giňeltmek strategiýasyny yglan etdi.
Şeýle hem, Hyundai-yň awtoulaglary akylly enjamlar we telefonlar bilen birleşdirýän ekoulgamy döretmek üçin Samsung bilen hyzmatdaşlyk edip başlandygy belli boldy.


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.6k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.5k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....