Mark Sukerbergiň baýlygy ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

  • 01.10.2024 09:59
  • 5.6k+

Meta kompaniýasynyň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy Mark Sukerbergiň baýlygy kompaniýanyň paýnamalarynyň gymmatlamagy netijesinde ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi.

Indi Sukerberg Bloomberg-iň hasaby boýunça dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda 201 mlrd dollar bilen dördünji orny eýeleýär. Soňky iki ýylda onuň baýlygy alty esse ýokarlandy.
Sanawda birinjiligi Tesla-nyň ýolbaşçysy Ilon Mask, ikinji orny Amazon-yň ýolbaşçysy Jeff Bezos, üçünji orny bolsa LVMH kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, fransiýaly telekeçi Bernar Arno eýeleýär.
Meta-nyň paýnamalarynyň bahasy 2024-nji ýylyň başyndan bäri 60% gymmatlady, kompaniýanyň bazar bahasy 1,44 trln dollara barabar. Sukerberg Meta-nyň paýnamalarynyň, takmynan, 13%-ine eýeçilik edýär.


12.06.2026 23:59
2.1k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

30.04.2026 07:20
2.2k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......

28.02.2026 15:20
1.2k+

Google emeli aň üçin Meta kompaniýasyna milliardlarça dollarlyk çip berer

Alphabet Inc holdingine degişli bolan Google kompaniýasy özüniň tensor prosessorlaryny kireýine bermek boýunça Meta Platforms korporasiýasy bilen ylalaşyk baglaşdy diýip, The Information neşiri geleşiklere gatnaşyjylaryň sözlerine salgylanyp habar berýär...

02.02.2026 10:53
2.9k+

FT: ABŞ-nyň ösen kompaniýalary emeli aň zerarly 52 müň işgäri işden çykarmaga taýýarlanýar

ABŞ-nyň iri kompaniýalary emeli aň tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy we zähmet bazaryndaky ösüşiň haýallamagy sebäpli 52 müňe golaý işgäri azaltmagy meýilleşdirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...