Antuan Grizmann Fransiýanyň milli ýygyndysynda karýerasyny tamamlaýar

  • 01.10.2024 09:56
  • 7.6k+

Madridiň “Atletikosynyň” 33 ýaşly hüjümçisi Antuan Grizmann Fransiýanyň milli ýygyndysynda karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan yglan etdi.

“Ýatlamalardan doly kalbym bilen durmuşymyň bu babyny ýapýaryn. Bu ajaýyp üç reňkli başdangeçirme üçin minnetdar we ýene görüşýänçäk” – diýip, Grizmann sosial ulgamlardaky sahypasynda ýazdy.

Grizmann Fransiýanyň milli ýygyndysy üçin 2014-nji ýylyň mart aýynda ilkinji gezek çykyş etdi. Şondan bäri milli topar üçin 137 oýna gatnaşyp, 44 gol geçirdi. 2018-nji ýylda Antuan Fransiýa bilen dünýä çempiony boldy, 2021-nji ýylda bolsa UEFA-nyň Milletler ligasynda ýeňiş gazandy.
Häzirki möwsümde Grizmann “Atletikonyň” düzüminde ähli ýaryşlarda sekiz oýna gatnaşyp, üç gol geçirdi we dört netijeli geçirim etdi.


şu gün 08:32
1.7k+

Enso Mareska «Mançester Sitiniň» tälimçisi boldy

«Mançester Siti» toparyň baş tälimçisi wezipesine Enso Mareskanyň bellenendigini yglan etdi. Italiýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnama 2029-njy ýyla çenli niýetlenendir....

düýn 16:30
8.1k+

Duýgy ýeňermi akyl?: Muny bu gije DÇ-2026-nyň 1/16 final tapgyrynyň iň gyzykly oýunlary görkezer

Dünýä çempionatynyň 2026-njy ýyldaky 1/16 final tapgyry janköýerlere dürs usullara baý hüjümler, belent sesli beýanatlar we ýyldyzlaryň hantamaçylykly gaýdyp gelişlerinden doly gyzykly futbol duşuşyklaryny......

düýn 13:18
5.1k+

DÇ-2026: Kanada soňky minutlarda gol geçirip, 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyň 1-nji oýny geçirildi. ABŞ-nyň Inglwud şäherindäki «Soý-Faý» stadionynda geçirilen oýunda Kanadanyň ýygyndysy Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňip, 1/8......

düýn 09:11
4.5k+

FIFA 2029-njy ýyldaky Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 48 topara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy bilen bilelikde 2029-njy ýylda geçiriljek klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 32-den 48-e çenli artdyrmak......