Toyota-da kynçylyklar zerarly ýedinji aý bäri önümçilik peselýär

  • 30.09.2024 19:23
  • 13k+

Toyota-nyň global önümçiligi azalmagyny dowam edýär. Awgust aýynda bu görkeziji 11% pese gaçdy. Reuters agentliginiň ýazmagyna görä, bu kompaniýa üçin yzygider ýedinji aý pese gaçyşdyr.

Bir aýyň dowamynda ýapon awtoulag öndürijisi 709 571 awtoulag çykardy.
Ýaponiýada içerki önümçilik 22% azaldy. Bu pese gaçyşlygyň esasy sebäplerinden biri, ýurduň üpjünçilik zynjyryny bozan taýfun boldy. Kynçylyklaryň ýene biri-de zawodlaryň işiniň wagtlaýyn togtamagyna sebäp bolan sertifikatlaşdyrmak bilen bagly dawa sebäpli ýüze çykdy.
Şeýle-de, Toyota ABŞ-da wnedorožnikleriň iki modeliniň önümçiligini togtatdy.
Häzirki kynçylyklara garamazdan, kompaniýa dünýäde öňdebaryjy awtoulag öndürijilerinden biri bolmagynda galýar hem-de önümçiligi dikeltmek we önümlerine bolan islegi kanagatlandyrmak bilen bagly meseleleri çözmegiň üstünde işjeň işleýär.


düýn 01:38
5.7k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
11k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

09.06.2026 15:11
3.4k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

07.06.2026 19:49
3.1k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......