Germaniýanyň “Fischer” kompaniýasy türkmen bazarynda önümlerini hödürläp başlady

  • 30.09.2024 14:41
  • 8.8k+

 

Anker tehnologiýalary we gurluşykda berkitmek işleri boýunça çözgütleri bilen dünýä belli lider bolan Germaniýanyň “FISCHER” kompaniýasy Türkmenistanda önümlerini hödürläp başlady. Strategiki ähmiýetli bu karar kompaniýanyň Merkezi Aziýada işini giňeltmekde möhüm ädimdir.

Kompaniýanyň önümleriniň hatarynda:

  • himiki we mehaniki anker sistemalary;
  • demir-polat we plastik dýubeller;
  • uly göwrümde şuruplar;
  • deşiji burawlar;
  • ýapyşdyryjylar;
  • suw syzdyrmasyna garşy önümler;
  • daşarky fasad sistemalary;
  • ýylylyk, wentilýasiýa, elektrik we turba geçirijileriniň montažy ýaly işlerde ösen tehnologiýalara esaslanýan önümler bar.

FISCHER ýurtda giň gerimli gurluşyk we infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmäge kömek etjek innowasion berkidiji çözgütleri we ösen tehnologiýalary hödürläp, türkmen bazaryndaky işjeňligini ösdürmegi maksat edinýär. Kompaniýa hyzmatdaşlaryna we müşderilerine iň berk standartlara we talaplara laýyk gelýän ýokary hilli önümleri hödürlemäge taýyn.
Önümler ISO, ETA, EAD EN 1992-4, FRC, ICC-ES, Seismic C1, C2 ýaly hil we howpsuzlyk şahadatnamalaryna eýe.
Eltip bermek hyzmaty şäher içine hem-de welaýatlara ýerine ýetirilýär.

“Fischer” kompaniýasynyň esaslandyryjysy barada
Kompaniýanyň esaslandyryjysy Artur Fişer gurluşyk işlerinde nurbady pugta berkitmek üçin ulanylýan dýubeliň oýlap tapyjysydyr. Ol şeýle hem polat labyrlarda, perforatorlarda, betona parça berkitmekde oýlap tapyşlary bilen dünýä taryhyna iň köp patentli oýlap tapyjy hökmünde taryha girendir (2013-ýyla çenli 1136-sany patent). 2014-nji ýylda Artur Fişer oýlap tapyşlary bilen gazanan üstünlikleri üçin Ýewropa patent guramasy tarapyndan abraýly baýraga mynasyp boldy.
Salgysy: Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, Senagatçylar zolagy, Binagär köçesi, 12
E-mail: tmfischertm@gmail.com
Telefon+99365 81-48-17


düýn 18:15
2.7k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.9k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.4k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......