Olimpiýa halkalary Eýfel diňinden aýryldy

  • 29.09.2024 19:17
  • 5.6k+

Olimpiýa halkalary Parižiň Eýfel diňinden aýryldy. Bu barada RMC Sport habar berýär.

7-nji iýunda, 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlary başlamazdan 50 gün öň Eýfel diňinde bäş sany Olimpiýa halkasy oturdyldy. 112 günden soň, 27-nji sentýabra geçilen gije bolsa bu halkalar aýryldy.
30 tonna agramly gurluş gaýtadan işlenen polatdan ýasalypdy we diňiň günorta tarapynda ýerleşip, Sena derýasyna bakdyryldy. Her bir halkanyň diametri 9 m barabar.
Şeýle-de bolsa, Olimpiýa halkalarynyň Eýfel diňinde ýene peýda bolmagyna garaşylýar. Häzirki wagtda halkalaryň has ýeňil görnüşi taýýarlanylýar we ony 2028-nji ýylda geçiriljek indiki tomusky Olimpiýa oýunlaryna çenli galdyrmak meýilleşdirilýär.

“Halkalar tomus döwri üçin ArcelorMittal tarapyndan ýasaldy. Agramy we gurluşy sebäpli olar diňde galyp bilmeýär, sebäbi onuň üçin howp döredýär” – diýip, 6-njy sentýabrda Parižiň häkiminiň sport boýunça orunbasary Pýer Rabadan aýtdy.

Parižde Olimpiýa oýunlary 26-njy iýuldan 11-nji awgust aralygynda geçirildi.


02.06.2026 12:06
10k+

Futbol nebereleri: Zidanyň ogly DÇ-2026-da Alžiriň düzüminde oýnar, Ançelottiniň ogly bolsa «Lilliň» tälimçisi boldy

Alžiriň Futbol federasiýasy öňümizdäki dünýä birinjiligine gatnaşjak milli toparyň gutarnykly sanawyny mälim etdi. Bu sanawa Ispaniýanyň «Granada» klubunyň 28 ýaşly derwezeçisi, meşhur fransuz futbolçysy......

14.05.2026 10:38
3.3k+

«PSŽ» 14-nji we yzygider bäşinji gezek Fransiýanyň çempiony boldy

«PSŽ» möhletinden ir Fransiýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy....

13.05.2026 09:28
3.7k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

18.04.2026 12:16
2.6k+

«Marsel» futbol kluby täze logotipini tanyşdyrdy

Fransiýanyň «Marsel» futbol kluby 2026/2027-nji ýyl möwsüminden başlap ulanyljak täze logotipini hödürledi....