EA Sports FC 25-iň çykmagy mynasybetli Bellingemiň, Zidanyň, Bekhemiň we Buffonyň gatnaşmagynda treýler çykdy

  • 23.09.2024 10:26
  • 8.2k+

21-nji sentýabrda EA Sports FC 25 futbol simulýatoryny işläp taýýarlaýjylar oýnuň ýakyn wagtda çykmagyna bagyşlanan treýleri çap etdiler. Wideoda Zinedin Zidan, Jud Bellingem, Trent Aleksandr-Arnold, Janluiji Buffon we Dewid Bekhem ýaly futbol ýyldyzlary peýda boldular.

Oýna giriş geçen hepdäniň başynda başlanypdy. Iň köp neşiriň eýeleri Ultimate Team-iň dinamiki gahrymanly toplumyny, 4600 FC Points-i, oýunçynyň ösüş öýjügini we beýleki bonuslary aldylar. Ulanyjylar eýýäm oýunçy we tälimçi hökmünde karýera režimini synap bilerler.
EA Sports FC 25 futbol simulýatory dolulygyna 27-nji sentýabrda PC-da, PS4-de, PS5-de, Xbox One-da we Xbox Series-de, şeýle hem Nintendo Switch-de çykar.
Oýun rus teswirçileri bilen rus dilinde hem elýeterli bolar.


düýn 19:56
3.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

12.06.2026 15:47
12k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

08.06.2026 16:29
4.1k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....