Huawei MatePad 12 X we MatePad Pro 12.2 planşetleriniň global wersiýalaryny hödürledi

  • 22.09.2024 22:54
  • 1.8k+

Huawei kompaniýasy täze MatePad 12 X we MatePad Pro 12.2 (2024) planşetleriniň global wersiýalaryny hödürledi. Iki enjam hem öndürijilik häsiýetnamalary, ýagty ekrany we ýokary derejede awtonomlygy bilen tapawutlanýar diýip, Hi-Tech Mail habar berýär.

MatePad Pro 12.2 (2024)-iň 2800 x 1840 piksel durulykdaky 12,2 dýuýmlyk OLED ekrany, 144 Hz täzeleniş tizligi we 2000 nit iň ýokary ýagtylygy bar. Bu tekste seretmäge we resminamalar bilen işlemäge has amatly 3: 2 gatnaşygy bolan ilkinji Huawei planşetidir. Planşet 12 GB RAM we 256/512 GB ammarly Kirin 9010 prosessorynda işleýär. 10 000mAh batareýa 100W çalt zarýad berişi goldaýar.


MatePad 12 X-iň 2800 x 1840 piksel durulykda 12 dýuýmlyk IPS displeýi, 144 Hz täzeleniş tizligi we 1000 nit-e çenli ýagtylygy bar. Model 8/256 GB ýa-da 12/256 GB ýat, şeýle hem 8 MP giň burçly obýektiw üçin 13 MP esasy kamera we 8 MP öň kamera bilen üpjün edilendir. Batareýanyň sygymy 10 100 mAh we 66W zarýad bermegi goldaýar. Bukjada klawiaturaly daşlyk bar.

Baha:

  • HuaweI MatePad Pro 12.1 12/256 ГБ — €849;
  • Huawei MatePad Pro 12.1 12/512 ГБ — €999;
  • Huawei MatePad 12 X 8/256 ГБ — €569;
  • Huawei MatePad 12 X 12/512 ГБ — €649.

27.05.2026 15:34
2.7k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.8k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

27.02.2026 12:03
1.5k+

Huawei 2025-nji ýyly 127 milliard dollar rekord girdeji bilen tamamlady

2025-nji ýylyň netijeleri boýunça Huawei-iň girdejisi 127 milliard dollara ýetdi. Bu görkeziji kompaniýanyň 2020-nji ýyldaky, ýagny sanksiýalardan öňki derejesine laýyk gelýär diýip, South China Morning Post neşiri habar berýär...

17.01.2026 14:38
3.9k+

Huawei Apple-den öňe geçip, 2020-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Hytaýyň smartfon bazarynda öňdebaryjy boldy

Huawei 2025-nji ýylyň jemi boýunça soňky bäş ýylda ilkinji gezek Hytaýyň smartfon bazarynda öňdebaryjylygy gaýdyp aldy. Muny South China Morning Post-a salgylanýan IDC analitiki kompaniýasynyň maglumatlary delillendirýär...