Leýpsigde Motsartyň ozal näbelli kompozisiýasy tapyldy

  • 20.09.2024 22:15
  • 3.1k+

Leýpsigiň aýdym-saz kitaphanasyndan Wolfgang Amadeý Motsartyň ozal näbelli eseriniň partiturasy tapyldy. Bu barada kitaphananyň wekilleri öz resmi web sahypasynda habar berdiler.

1760-njy ýyllaryň ahyrynda döredilen bu partitura kompozitoryň ýaşlyk döwrüne degişli we Serenate ex C atly 12 minutlyk eserdir. Kompozisiýa krişli trio (skripka we wiolonçel) üçin ýedi miniatýuradan ybarat.
Barlagçylar bu partiturany Mosartyň eserleriniň doly arhiwi bolan Kýohel katalogyny täzelemegiň  üstünde işleýärkäler tapdylar. Täze katalogda bu eser Ganz kleine Nachtmusik (“Gaty gysga gije sazy”) diýip atlandyryldy. 1780-nji ýyllara degişli golýazma nusga görnüşindedir, ýöne alymlar onuň Mosarta degişlidigine ynanýarlar.
Bu eser ilkinji gezek 21-nji sentýabrda Leýpsig operasynda ýerine ýetiriler. Çärä giriş  tölegsiz.

düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
788

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.3k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.1k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......