ABŞ-da “Ýylyň awtomobili” bäsleşiginiň ýarym finalçylary yglan edildi

  • 20.09.2024 09:11
  • 5.7k+

Demirgazyk Amerikada abraýly “Ýylyň awtomobili” bäsleşiginiň (NACTOY) emin agzalary ýeňil awtomobiller, ýük ulaglary we utilitar awto ýaly üç kategoriýada ýarym finalçylaryň sanawyny yglan etdi. Sanawa 25 model girdi we olaryň 12-si elektromobildir diýip, tarantas.news habar berýär.

Ýeňil awtomobiller kategoriýasynda hem köpçülikleýin, hem premium brendler hödürlendi. Dalaşgärleriň hatarynda şular bar – BMW 3 Series we M5, Cadillac Celestiq, Fiat 500e, gibrid Honda Civic, Mercedes-AMG E-Class, şeýle-de Porsche Panamera we täze Toyota Camry.
Utilitar awto kategoriýasynda ýarym finala, esasan, krossowerler çykdy. Olaryň arasynda elektrik Volkswagen ID. Buzz, Chevrolet Equinox, Volvo EX90 we elektrik Porsche Macan bar. Şeýle-de, sanawa Jeep Wagooneer S we Toyota Land Cruiser Prado girdi.
Pikaplaryň arasynda baýrak üçin bary-ýogy bäş dalaşgär bar – GMC Sierra EV, Rivian R1T, Ford Ranger, Toyota Tacoma, Ram 1500.
Bäsleşigiň finalçylary 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Los-Anjelesde geçiriljek awtoşouwda yglan ediler, ýeňijiler ýanwar aýynda Detroýtdaky motor-şouwda belli bolar.


13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......