Dubaýda howa taksileri şahadatnamalaşdyrylyp, olar üçin infrastruktura taýýarlanyp başlandy

  • 20.09.2024 09:04
  • 9.3k+

Dubaýda howa taksilerini 2026-njy ýylyň birinji çärýegine çenli işe girizmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda Joby Aviation amerikan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda ulag serişdelerini synagdan geçirmek we şahadatnamalaşdyrmak prosesi dowam edýär. Bu barada Dubaýyň Ulag we ýol edarasynyň (RTA) ulag tehnologiýalary boýunça departamentiniň müdiri Haled Al Awadi habar berdi diýip, RIA Nowosti ýazýar.

Al Awadiniň aýtmagyna görä, munuň bilen ugurdaş aerotaksiler üçin infrastrukturany taslamalaşdyrmak işi alnyp barylýar. Britaniýanyň Skyport kompaniýasy “wertiportlary” – ýörite dik howa menzillerini işläp taýýarlamak bilen meşgullanýar. Şeýle desgalardan dördüsini gurmak meýilleşdirilýär, olaryň ikisi 2026-njy ýylyň başyna çenli taýýar bolar.
Şeýle-de, howa taksileri üçin gözegçilik we howpsuzlyk ulgamy dörediler. Olaryň ulanylmagynyň dikuçarlary kärendesine almakdan has arzan bolmagyna, hyzmatyň bahasynyň limuzini kärendesine almak bilen deň bolmagyna garaşylýar. Mundan başga-da, elektrik aerotaksileriň sesi adaty dikuçarlardan 100 esse pes bolar.
Aerotaksilerden başga-da, 2025-nji ýylda Dubaýda General Motors bilen bilelikde işlenip taýýarlanýan sürüjisiz taksi-awtomobilleri işe girizmek meýilleşdirilýär. Bu çäreler ulag hyzmatlarynyň ekologiýa taýdan arassalygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

“Biz gibrid we elektrik hereketlendirijileriniň hasabyna limuzin hyzmatyny 2026-njy ýyla çenli ekologiýa taýdan doly arassa etmegi meýilleşdirýäris. 2035-nji ýyla çenli Dubaýyň ähli taksileri, meýilnamalara görä, elektrik bolar, 2050-nji ýyla çenli bolsa awtobus parky diňe elektrobuslardan ybarat bolar” – diýip, Al Awadi aýtdy.


29.04.2026 16:01
2.1k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....

25.04.2026 16:03
3.5k+

Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Kuweýtde-de ilçi bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramow, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki ilçisi wezipesine bellenildi....

05.02.2026 13:15
2.5k+

Raşid Meredow BAE-niň wise-prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

4-nji fewralda Abu-Dabide Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy...

04.02.2026 13:14
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy BAE-däki kärdeşi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek barada maslahatlaşdy

3-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Dubaýa saparynyň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi...