Stefano Pioli “Al-Nasryň” baş tälimçisi wezipesine bellenildi

  • 19.09.2024 14:46
  • 5.1k+

Italiýaly Stefano Pioli Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” futbol klubunyň täze baş tälimçisi boldy. Bu barada klubuň metbugat gullugy habar berdi.

Pioliniň soňky iş ýeri “Milan” boldy, topar bilen 2021/2022 möwsüminde Italiýanyň çempiony titulyny gazandy.
58 ýaşly italiýaly hünärmen bu wezipede 17-nji sentýabrda işden aýrylan portugaliýaly Luiş Kaştrunyň ornuny eýelär.
Kaştru klub bilen 2023-nji ýylyň iýul aýyndan bäri işleşip, 54 oýun geçirdi, şolaryň 36-synda ýeňiş gazandy, dokuz gezek deňme-deň oýnady we dokuz gezek utuldy. Geçen möwsümde onuň ýolbaşçylygynda “Al-Nasr” Saud Arabystanynyň çempionatynda ikinji orny eýeledi, Aziýa Çempionlar ligasynyň 1/4 finalynda ýaryşdan çykdy we ýurduň Kubogynyň finalynda utuldy. Topar ýekeje-de möhüm kubok gazanyp bilmedi.
2024/2025 möwsüminde klubuň häzirki netijeleri-de “Al-Nasryň” ýolbaşçylygyny kanagatlandyrmady. Kriştianu Ronaldu, Sado Mane, Emerik Lýaport we Marselo Brozowiç ýaly ussat oýunçylaryň bardygyna garamazdan, üç tapgyrdan soň topar çempionatda bäş utuk bilen ýedinji orny eýeleýär.


şu gün 10:24
3.2k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.6k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.9k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......