Täze Honda Accord 2025 tanyşdyryldy: Bahasy we aýratynlyklary

  • 18.09.2024 19:50
  • 6.4k+

Honda täze SE bezeg derejesinde elýeterli bolan täzelenen Accord 2025-i resmi taýdan hödürledi. Bu wersiýa esasy LX modelinden biraz ýokarda durýar we birnäçe möhüm täzelenmeleri aldy diýip, IXBT belleýär.

SE turbo görnüşli 1,5 litrlik dört silindrli hereketlendiriji bilen işleýär we gapy tutawaçlary, aýnalary we merkezi sütünleri ýaly bölekleri özboluşly gara bezegi bilen tapawutlanýar. Daşky görnüşiniň 17 dýuýmlyk gara tekerler bilen üsti ýetirilýär, salonynda gyzdyrylýan öňdäki oturgyçlar, sürüjiniň 10 tarapa süýşüp bilýän oturgyjynyň elektropriwody we lýuk peýda boldy. Modeliň ähli wersiýalarynyň bahasy öňki ýyl bilen deňeşdirilende 400 – 760 dollar gymmatlady.
LX-iň esasy bezeg derejesiniň bahasy 29 390 dollardan başlaýar we turbo görnüşli hereketlendirijini, 17 dýumlyk tekerleri we Honda Sensing sürüjä kömek ulgamyny öz içine alýar.

EX-iň ornuny tutýan SE modeliniň bahasy 31 655 dollar.
Iň arzan gibrid Accord Sport 34 750 dollardan başlaýar.
Gibrid görnüşleri atmosferaly 2,0 litrlik dört silindrli hereketlendiriji we 204 at güýjüni öndürýän we ýokary tygşytlylygy üpjün edýän Honda -yň iki motorly ulgamy bilen üpjün edilen. Şeýle hem, Accord Hybrid 12,3 dýuýmlyk maglumat-güýmenje ekrany, deri oturgyçlar, telefona simsiz zarýad beriji we gurlan Google hyzmatlaryny aldy.
Honda kompaniýasynda Accord-yň satuwynyň 50% -den gowragynyň gibrid görnüşlerinden ybaratdygyny bellediler.


12.06.2026 01:38
7.5k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......