Buker baýragyna dalaşgärleriň gysga sanawy yglan edildi

  • 18.09.2024 12:14
  • 1.3k+

Buker baýragynyň eminleri 2024-nji ýylyň edebiýat boýunça baýragyna hödürlenýän eserleriň gysga sanawyny yglan etdi. Oňa alty eser girdi, olaryň bäşisi aýallar tarapyndan ýazylan diýip, TASS habar berýär.

Baýraga dalaş edýän eserler:

  • "Jeýms" - Persiwal Ewerett
  • "Ýaradyjy köl" (“Озеро творения”) - Reýçel Kuşner
  • "Orbitada" - Samanta Harwi
  • "Saklamak" - Ýael wan der Wuden
  • "Daş haltadaky doga" - Şarlot Wud
  • "Meniň elimde" - Enn Maýkls

Niderlandly Ýael wan der Wuden öz ýurdundan Buker baýragynyň gysga sanawyna düşen ilkinji ýazyjy boldy. Samanta Harwi we Persiwal Ewerett gysga sanawa ikinji gezek düşdüler.
Bu ýyl baýrak almak ugrunda dünýäniň dürli künjeklerinden bolan ýazyjylar tarapyndan neşir edilen iňlis dilindäki 156 kitap bäsleşdi. Uzyn sanawa 13 eser girdi.
Buker baýragynyň ýeňijisi 12-nji noýabrda yglan ediler. Bu ýyl baýrak eýesi 50 000 funt sterling alar. Baýrak 56-njy gezek gowşurylar.

düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
823

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......