Älem gözelligi: “2024-nji ýylyň astronomiki fotosuratçysy” bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi

  • 18.09.2024 11:46
  • 3.9k+

Grinwiç Patyşalyk obserwatoriýasy BBC Sky at Night Magazine neşiri bilen hyzmatdaşlykda “Ýylyň astronomiýa fotosuratçysy” atly her ýyl geçirilýän 16-njy bäsleşigiň ýeňijilerini yglan etdi. Bäsleşikde özboluşly kosmos jisimleriniň we hadysalarynyň suratlary görkezildi.

Kategoriýa boýunça ýeňijiler:

 

  • Absolýut ýeňiji: 2023-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda doly Gün tutulmasyny surata düşüren, “Günüň tutulmagy bilen Aý üstünde dörän ýoýlan kölegeler” atly suraty bilen Raýan Imperio. Suratda Beýli tesbisi atly optiki hadysa görünýär, Gün doly  tutulanda, Gün şöhleleri Selenanyň üstüniň nätekizligi sebäpli, Aý diskiniň gyralarynda ýagtylyk nokatlaryny döredýär.

Iň oňat ýaş astrofotosuratçy: Daniele Borsar, Perseý ýyldyzlar toplumynda NGC 1499 emissiýa dumanlygynyň suraty üçin.

Biziň Aýymyz: Gabor Balaş, Älemgoşar aýlagy krateriniň suraty üçin.

Polýar şapagy: Larrin Reý "Kwinstaundaky Polýar şapagy" atly (Täze Zelandiýa) suraty bilen.

Galaktikalar: Bensa Tot we Peter Feltofi Polýar halkaly sentawr A galaktikasynyň suraty üçin.

Planetalar, kometalar we asteroidler: “Weneranyň hereketi” suraty üçin Tom Uilliams.

Adamlar we kosmos: Tom Uilliams Günüň fonunda HKS-nyň sudurynyň suraty üçin.

Ýyldyzlar we dumanlyk: Marsel Dreksler, Breý Folls, Ýann Santi, Nikolýa Martino we Riçard Galli Nereidanyň dumanlyklary suraty üçin.

Asman peýzažlary: Tasmaniýa adasyndaky gijeki asmany surata düşürendigi üçin Tom Reý.

Ser Patrik Mur baýragy: Sin Fen we Mýao Gong, SH2-308 dumanlygynyň suraty üçin.

Enni Maunder baýragy: Serhio Dias Ruis, Ýeriň "Ýaşalýan planetanyň anatomiýasy" atly suraty üçin.


19.05.2026 16:54
9.6k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 10:31
2.4k+

Özbegistan 2028-nji ýyla çenli älem giňişligine ilkinji kosmonawtyny ibermegi meýilleşdirýär

Özbegistan 2028-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli ilkinji özbek kosmonawtyny älem giňişligine ibermegi maksat edinýär. Bu barada Özbekkosmos agentliginiň direktorynyň orunbasary Muhiddin Ibragimow habar berdi.......

21.04.2026 12:08
3.6k+

Başgalardan 400 km ýokarda bolanlar üçin geýim: Vast Space kosmonawtlar üçin kostýum döretdi

Vast Space kompaniýasy geljekki Haven-1 täjirçilik orbital stansiýasynda, şeýle hem Halkara kosmos stansiýasyna hususy missiýalarda ulanmak üçin astronawtlara  niýetlenen uçuş eşigini görkezdi. Tanyşdyryş......

11.04.2026 10:28
4k+

Artemis II missiýasy tamamlandy: Aýa aýlanyp gaýdan «Orion» sag-aman Ýere gondy

NASA-nyň «Orion» kosmos gämisi «Artemis II» missiýasynyň ekipažy bilen Ýere sag-aman dolanyp geldi. Soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek adamlaryň gatnaşmagynda Aýa uçup, yzyna dolanylmagy bu......