Halkara Olimpiýa Komitetiniň prezidenti wezipesine dalaşgärler kesgitlenildi

  • 17.09.2024 15:53
  • 10k+

Halkara Olimpiýa Komiteti (HOK) guramanyň prezidenti wezipesine dalaşgärleriň sanawyny hödürledi. Olaryň hataryna Bütindünýä Ýeňil atletika assosiasiýasynyň (World Athletics) prezidenti britaniýaly Sebastýan Kou girdi. Gutarnykly sanaw 2024-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda arzalary kabul edişlik ýapylandan soň tassyklandy.

Öň, HOK-yň Pan Gi Munuň ýolbaşçylygyndaky etika boýunça komissiýasy prezident saýlawlary üçin görkezmeleri beripdi, bu sebäpli Kouwyň arzasy tassyklanman bilnerdi. Muňa garamazdan, onuň dalaşgärligi kabul edildi.
Beýleki dalaşgärleriň arasynda Halkara gimnastika federasiýasynyň başlygy Morinari Watanabe (Ýaponiýa), Iordaniýanyň Olimpiýa komitetiniň prezidenti Feýsal ibn Huseýn, suwda ýüzmek boýunça iki gezek Olimpiýa çempiony we HOK-yň ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy Kirsti Kowentri (Zimbabwe), Halkara lyža sporty federasiýasynyň prezidenti Ýohan Eliaş (Şwesiýa), Fransiýanyň MOK-ynyň başlygy Dawid Lappartýen we ispaniýaly Huan Antonio Samaranç-kiçi bar.
Saýlawlar 2025-nji ýylyň 18 – 21-nji martynda HOK-yň sessiýasynda geçiriler, dalaşgärler öz maksatnamalaryny 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda Lozannada geçiriljek ýapyk duşuşykda hödürlärler.
Öň, HOK-yň häzirki prezidenti Tomas Bah gaýtadan saýlanmazlyk kararyna gelendigini mälim etdi.


06.05.2026 23:46
1.9k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 22:54
1.7k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....

03.03.2026 11:20
3.3k+

Ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly auksionda tas dört esse gymmat satyldy

Ilkinji häzirkizaman Olimpiýa oýunlarynda gowşurylan medal auksionda 181,3 müň dollara satyldy. Onuň ahyrky bahasy çaklanylan bahadan tas dört esse ýokary boldy diýip, Reuters habar berýär. 1896-njy ýylda Afinada geçirilen ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly «Bruun Rasmussen Arts Auctioneers» onlaýn auksionynda satyldy...

23.02.2026 10:07
1.8k+

Werona kolizeýinde 2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi

Italiýada geçirilen 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlary resmi taýdan tamamlandy. Ýapylyş dabarasy 22-nji fewralda Werona şäherindäki gadymy rim stadionynda (Arena di Werona biziň eramyzyň 30-njy ýyly töweregi gurlupdyr we hatda Rim kolizeýinden hem gadymydyr) geçirildi...