Halkara gimnastika federasiýasynyň başlygy Aşgabatda sapar bilen boldy

  • 16.09.2024 14:55
  • 10k+

Halkara gimnastika federasiýasynyň başlygy (FIG) Morinari Watanabe Merkezi Aziýa ýurtlaryna saparyň çäklerinde Türkmenistanda gimnastika sportuny ösdürmekde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, iki günlük sapar bilen Aşgabatda boldy diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Türkmen paýtagtyna sapary döwründe FIG-iň baştutanynyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda şeýle hem Aziýanyň gimnastika birleşiginiň (AGU) başlygy Ben Saad Al-Şatri we AGU-nyň wise-prezidenti Timur Abduwaliýew boldular.
Aşgabatda bolan döwri halkara gimnastika guramalarynyň ýolbaşçylary wise-premýer B.Orazdurdyýewa bilen duşuşdylar. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Saparowyň we Milli Olimpiýa komitetiniň baş sekretary A.Akmämmedowyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda taraplar ýurdumyzda gimnastikanyň ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Saparyň dowamynda dünýä gimnastika bileleşiginiň ýolbaşçylary milli ýygyndy toparynyň Olimpiýa şäherçesindäki türgenleşik binýadyna baryp, tälimçiler we ussat türgenler bilen söhbetdeş boldular. Morinari Watanabe Türkmenistanda tälim almak üçin ajaýyp şertlere haýran galýandygyny aýdyp, Halkara gimnastika federasiýasynyň Türkmenistanda sportuň şu görnüşiniň ösmegine doly goldaw berjekdigine ynandyrdy.
Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde myhmanlar Türkmen halysynyň milli muzeýine hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp gördüler.


14.05.2026 15:38
2.2k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

21.04.2026 20:58
5.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.8k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....