United Airlines awiakompaniýasy öz uçarlarynda Starlink-den ýokary hilli mugt Wi-Fi hödürlär

  • 16.09.2024 13:02
  • 3.9k+

United Airlines awiakompaniýasy Starlink bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde özüniň ähli uçarlarynda mugt Wi-Fi hödürlemek meýilnamasyny yglan etdi. Bu täzelik ýokary belentlikde internet bilen bagly näsazlyklaryň aradan aýrylmagyna getirer. United kompaniýasynyň baş müdiri ýolagçylaryň bortda internetden edil ýerdäki ýaly peýdalanyp biljekdigini aýdýar diýip, gagadget.com habar berýär.

Ilon Maskyň Starlink hemralaýyn internet hyzmaty Ýere golaý orbitadan signal ibermegiň netijesinde durnukly birikmäni üpjün edýär. Starlink antennalarynyň uçarlara gurnalmagy uçuş wagty internetiň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. United Airlines eýýäm bu hyzmatdan peýdalanýan JSX we Hawaiian Airlines kompaniýalarynyň hataryna goşular.
Wall Street Journal-yň ýakynda awiagatnawlaryň birinde geçiren synagynda internetiň tizligi birnäçe gurluşda 100 Mbit/s-den ýokary boldy. Şeýle tizlikde ýolagçylar kynçylyksyz wideo görüp, oýun oýnap we hatda wideojaňlara gatnaşyp bilerler. Starlink eýýäm, aýratynam, uzak sebitlerde özüni ygtybarly internet hyzmaty hökmünde görkezdi.


22.06.2026 00:57
5.4k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

17.06.2026 17:42
6.4k+

«Mugt Buharda ýok»: Starlink mugt hyzmatlary ýatyryp, enjamlar üçin töleg almakçy

SpaceX kompaniýasy özüniň Starlink hemrasyndan internet hyzmatyna goşulmagyň düzgünlerini üýtgetdi. Operator hakykat ýüzünde ulanyjy terminalyny mugt bermek programmasyny ýapdy....

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....