2024-nji ýylyň Şnobel baýragynyň eýeleri yglan edildi: çynlakaý netijeli gülkünç açyşlar

  • 15.09.2024 18:40
  • 10k+

“Akla sygmajak barlaglaryň ýyl ýazgylary” (Annals of Incredible Research) žurnaly tarapyndan döredilen Şnobel baýragy (Ig Nobel Prize) nobatdaky barlagçylar toparyna “birbada gülkünç görünýän, ýöne soň oýa batyrýan üstünlikler üçin” gowşuryldy. TASS dürli ugurlar boýunça baýrak alanlaryň sanawyny çap etdi.

Parahatçylyk baýragy:
Hat gatnadyjy kepderileri nyşana alyjy raketalara ýerleşdirmegiň maksadalaýyklygyny öwrenmek boýunça geçiren barlagy üçin sylaglandy.

Fizika ugrundan baýrak:
Jeýms Liao (ABŞ) ölen forel balygynyň ýüzmäge ukyplydygyny görkezendigi üçin baýrak aldy.

Botanika ugrundan baýrak:
Germaniýaly we braziliýaly alymlar "janly ösümlikleriň öz golaýynda duran emeli ösümlikleriň şekilini gaýtalaýandygyny subut edendigi üçin" sylaglandy.

Anatomiýa ugrundan baýrak:
Fransiýaly we çilili barlagçylar "Demirgazyk ýarym şarda ýaşaýan adamlaryň kellesindäki saçyň ösüş ugrunyň Günorta ýarym şarda ýaşaýanlaryňky bilen deň gelýänini-gelmeýänini" öwrendiler.

Lukmançylyk ugrundan baýrak:
Şweýsariýaly, germaniýaly we belgiýaly alymlar topary "agyryly täsirleri döredýän galp derman serişdeleriniň agyryly täsirleri döretmeýän galp dermanlardan has täsirli bolup biljekdigini görkezendigi üçin" baýrak aldy.

Ähtimallyk teoriýasy ugrundan baýrak:
Ýokary zyňlan teňňäniň “arka tarapyna düşýändigini” görkezýän barlag üçin gowşuryldy.

Himiýa ugrundan baýrak:
"Serhoş gurçuklary sersaglardan aýyrmakda hromatografiýanyň ulanylyşy" üçin gowşuryldy.

Demografiýa ugrundan baýrak:
Awstraliýaly barlagçy uzak ýaşlylaryň aglabasynyň ölüm we önelgelilik derejesi pes sebitlerde ýaşaýandygyny anyklady.

Şnobel baýragy 1991-nji ýyldan bäri gowşurylýar we 10 dürli barlag ugruny öz içine alýar. Baýraga käwagt Nobel baýragynyň tersine baýrak hem diýilýär. Käbir dalaşgärler Nobel baýraklaryna gabat gelýär, galanlary her ýyl aýratynlykda döredilýär.

düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
823

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......