Unicode sekiz sany täze emojini, şol sanda gözüniň aşagy “çişli” ýadaw ýüz emojisini tassyklady

  • 14.09.2024 14:10
  • 6.5k+

Unicode konsorsiumy Unicode standartynyň 16.0 wersiýasynyň operasion ulgamlara girizilmegi bilen elýeterli boljak sekiz sany täze emojini tassyklady. Bu barada Daily Mail habar berýär.

Täze nyşanlaryň arasynda arfa, pil, syýa tegmili, barmak yzy, şugundyra meňzeş köki miweli, ýapraksyz agaç, Sark adasynyň baýdagy we gözüniň aşagy "çişli" ýadaw ýüz bar.
Emojipedia saýtynyň maglumatlaryna görä, ýadaw ýüzli smaýlik 2024-nji ýylda iň köp garaşylýan emoji hasaplanylýar. Sosial ulgamlary ulanyjylar onuň adamlaryň ukusyz gijelerden soňky ýagdaýyny doly suratlandyrjakdygyny begençli bellediler.
Unicode konsorsiumy nyşanlaryň umumy sanyny 154 998-e çenli artdyrmak bilen, 16.0 wersiýanyň çykjakdygyny tassyklady. Täze emojiler ýakyn aýlarda operasion ulgamlarda peýda bolup başlar we 2025-nji ýylyň dowamynda ýaýradylar.
Unicode Kaliforniýa ştatynyň (ABŞ) Mauntin-Wýu şäherinde ýerleşen täjirçilik däl guramadyr. Onuň maksady nyşanlary kodlamagyň bar bolan shemalarynyň ornuny tutýan Unicode standartyny goldamakdan ybarat.

düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
823

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......