Google Android-de Google Play-den alynmadyk programmalary gurnamagy çäklendirip biler

  • 13.09.2024 15:48
  • 3.7k+

Google Android operasion ulgamynda çeşmesi resmi bolmadyk programmalara garşy göreşmek üçin täze hyzmatyň çykjakdygyny mälim etdi. Bu barada Android Authority habar berýär. Täze Play Integrity API guraly enjamlary wiruslardan we howplardan goraýan Play Protect howpsuzlyk ulgamynyň bir bölegi bolar.

Hyzmat programmanyň çeşmesini yzarlamaga mümkinçilik berýär. Eger-de programma resmi Google Play dükanyndan alynmadyk bolsa, ulanyja programmany resmi wersiýadan ýüklemek teklibini berýän habar iberiler. Teklip ret edilen ýagdaýynda, çäklendiriji mehanizmiň jikme-jiklikleri entek açylmasa-da, işläp düzüji “garakçy” programmasyna girişi çäklendirip biler.
Eger ulanyjy resmi programmany gurnamaga razy bolsa, resmi däl wersiýa ulanyjynyň maglumatlary bilen bilelikde pozular.
Google üçünji tarap çeşmelerinden programmalary ýüklemegi düýbünden gadagan etmegi meýilleşdirmeýändigini belläp geçdi. Täze funksiýa işläp düzüjileri diňe “garakçy” programmalardan goramaga gönükdirilendir.


düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

04.06.2026 11:54
2k+

Duolingo ulanyjylara iň uzak okuw seriýasyny yzyna gaýtarmaga rugsat berdi

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen "Duolingo" hyzmaty ulanyjylara ýitiren iň uzyn gündelik okuw seriýasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän ýörite aksiýany ýola goýdy. Bu başlangyç köp günlük okuw......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......