Ronaldu sosial platformalarda 1 mlrd muşdak toplan ilkinji adam boldy

  • 13.09.2024 14:27
  • 11k+

Portugaliýaly futbol ýyldyzy Kriştianu Ronaldu diňe bir oýun meýdançasynda däl, eýsem, onuň çäklerinden daşynda hem rekord goýmagy dowam edýär.

Şu gün, 12-nji sentýabrda, Saud Arabystanynyň "Al-Nasr" futbol klubunyň ýyldyzy özüniň sosial media platformalarynda bar bolan hasaplaryndaky muşdaklarynyň sanynyň bir milliard adama ýetendigini habar berdi.

Ronaldu «X» platformasyndaky hasabynda: «Ýene bir taryh ýazdyk... milliard muşdak! Bu ýöne bir san däldir, ol biziň oýna bolan bilelikdäki höwesimiziň, isleglerimiziň hem-de söýgimiziň subutnamasydyr» diýip ýazgy goýdy.
«Madeýranyň köçelerinden dünýäniň iň uly sosial platformalaryna çenli hemişe maşgalam hem-de siziň üçin oýnadym. Bu gün biziň ýanymyzda milliarda adam bar.
Bu ýolda her bir ädimde, her hili ýagdaýda — gowy günümde-de, kyn günümde-de ýanymda bolduňyz. Biz bu ýoly bilelikde külterledik. Bu biziň bilelikdäki syýahatymyz. Biz bilelikde ýetip biljek zatlarymyzyň çäginiň ýokdugyny görkezdik»  diýip ýazdy.
«Maňa bolan ynamyňyz, goldawyňyz we durmuşymyň bir bölegi bolanyňyz üçin siziň ähliňize sagbolsun aýdýaryn. Has gowy günler heniz öňde. Biz bilelikde üstünlik gazanarys we bilelikde taryh ýazmaga dowam ederis!» diýip, Ronaldu sözüni jemledi. 

Mälim bolşy ýaly, geçen hepde Ronaldu resmi oýunlarda 900-den gowrak gol geçiren ilkinji futbolçy bolmagy başarypdy. Şol duşuşyklardan soňra metbugat wekillerine teswir beren Ronaldu: «Bu köp zady aňladýar. Bu uzak wagtdan bäri gazanmak isleýän üstünliklerimiň biridi. Muňa ýetjekdigime ynanýardym. Sebäbi oýnamagy dowam etdireniňde üstünlik gazanmak tebigy ýagdaýdyr» diýip gürrüň beripdi.


şu gün 09:54
735

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

düýn 13:03
13k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

düýn 12:40
10k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

düýn 11:14
6.9k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......