“Arsenal” baş tälimçi Arteta bilen şertnamany uzaltdy

  • 13.09.2024 09:39
  • 4k+

Ispaniýaly tälimçi Mikel Arteta “Arsenal” bilen şertnamany uzaltdy. Taraplaryň täze şertnamasy 2027-nji ýyla çenli hereket edýär. Bu barada London klubunyň resmi saýty habar berýär.

Ýatlap geçsek, ispaniýaly hünärmen iňlis klubuna 2019-njy ýylda ýolbaşçy boldy. Ondan öň “Mançester Sitide” Hosep Gwardiolanyň tälimçi ştabyna girýärdi.
“Arsenal” 2024/2025 möwsüminde Angliýanyň Premýer-ligasynyň  ýaryş jedwelinde dördünji orny eýeleýär. Topar üç oýunda ýedi utuk gazandy. Birinji orunda dokuz utuk bilen “Mançester Siti” ýerleşýär. “Arsenal” Angliýanyň çempionatynyň 4-nji tapgyrynyň çäklerinde ýekşenbe güni, 15-nji sentýabrda Londonda “Tottenhem” bilen oýnar. Oýun Aşgabat wagty bilen 18:00-da başlar.


düýn 23:07
5.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
4.1k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.9k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.9k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....