Amerikanyň ýaşaýjysy 100 müň dollarlyk meteoriti bahasyndan habarsyz 30 ýyllap gapysyna söýeg edip ulanypdyr

  • 13.09.2024 08:57
  • 19k+

ABŞ-nyň Miçigan ştatynyň ýaşaýjysy 30 ýyllap gapysyna söýeg hökmünde bir daş ulanypdyr. Şol daşyň 100 müň dollarlyk meteoritdigi onuň aklyna hem gelmändi. Bu waka barada LADBible neşirinde gürrüň berilýär.

Ol adam 1988-nji ýylda bir daýhandan jaý satyn alypdyr. Şol wagt gapyň agzynda duran daş onuň ünsüni çekipdir. Ol daşyň gelip çykyşy barada soranda, satyjy onuň 1930-njy ýyllarda tapylan meteoritdigini aýdypdyr.
Daýhan: "Ol ýere degende güýçli ses etdi".
Daýhan meteoriti tapanda, ol heniz sowaman eken. Ol asman jismini öýüne getirip, ony 1988-nji ýylda jaýyň täze eýesine gowşurýança saklady.
Ýaňy ýakynda jaýyň eýesi daşyň gymmatyny bilmek kararyna gelip, ony bahalandyrmaga alyp gidipdir.


Geologiýa mugallymy Monaliza Sirbesku meteoriti mikroskopda öwrenip, onuň 88% demirden we 12% nikelden ybaratdygyny anyklady. Ol: “Bu nusga, meniň elimde saklap gören maddy we ylmy taýdan iň gymmatly nusgamdyr. Pikir edip görüň, meniň elimde saklaýan zadym, ilkinji Gün sistemasynyň elimize düşen bölegidir" – diýdi.

Meteorit tapylan ýeri mynastbetli Edmor diýlip atlandyryldy.


şu gün 00:57
2.5k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......