Oasis toparynyň ilkinji albomy 30 ýyldan soň çartda ýene birinji orny eýeledi

  • 12.09.2024 23:12
  • 2.4k+

Oasis toparynyň 1994-nji ýylda çykan “Definitely Maybe” albomy 30 ýyldan soň Beýik Britaniýanyň albom çartynda ýene birinji orny eýeledi. Şeýle üstünlik ýakynda toparyň ýene birigýändiginiň yglan edilmegi bilen baglanyşyklydyr diýip, Billboard habar berýär.

Şol habardan soň albomyň satuwy 408% ýokarlandy. “Definitely Maybe” albomy “Monnow Valley” sessiýalary, “Sawmills” ýazgylaryndan autteýkler we “Sad Song” kompozisiýasynyň alternatiw demo-ýazgylary ýaly öň çykarylmadyk materiallary öz içine alýan 30-njy ýubileý delýuks wersiýasynyň çykmagy netijesinde çartyň başyna gaýdyp geldi.
Çartyň ilkinji bäşligine Oasis-iň ýene iki albomy girdi: “Time Files... 1994-2009” (3-nji orun) we “(What’s the Story) Morning Glory?” (4-nji orun).
1991-nji ýylda Mançesterde doganlar Noel we Liam Gallaherler tarapyndan döredilen Oasis topary doganlaryň arasyndaky köp dawalardan soň 2009-njy ýylda dargamazdan ozal ýedi studiýa albomyny çykardy.
27-nji awgustda toparyň 15 ýyldan soň gaýtadan birleşjekdigi habar berildi. Oasis birnäçe konsert berer. Konsert syýahaty 2025-nji ýylyň 4-nji iýulyndan 17-nji awgusty aralygynda Kardiff, Mançester, London, Edinburg we Dublin şäherlerinde geçiriler.
Belläp geçsek, 1,4 mln petegiň ählisi 10 sagadyň içinde satyldy.

düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
823

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......