Missisipi ştatynda awçylar läheň alligator tutdular

  • 12.09.2024 10:48
  • 24k+

Missisipi ştatynda awçylar uzynlygy 4,27 m, agramy 363,78 kg bolan ullakan  alligatory tutdular. Äpet süýrenijini Missisipi we Luiziana ştatlaryndan akyp geçýän Ýazu derýasynda alty awçy bolup tutdular diýip, Daily Mail ýazýar.

Awçylar topary gaýykdan 230 metr uzaklykda alligatoryň peýda bolanyny görüpdir. Esli wagt garaşanlaryndan soň, onuň ýanyna golaý baryp, haýwany ýokary çekip çykarypdyrlar. Aw aňsat bolmandyr, topar güýçli ýagýan ýagşyň astynda galypdyr we enjamlary hem näsazlyk tapypdyr. Äpet haýwan bilen darkaş azyndan bir sagat töweregi dowam edipdir.
Alligator boýun egdirilenden soň, oljalary bilen surata düşüpdirler, soňra haýwany eti gaýtadan işleýän zawoda iberipdirler.


Awçylar etiň aglabasyny özleri üçin alyp, galanlaryny mätäç maşgalalara et paýlaýan Hunter Harvest haýyr-sahawat guramasyna bagyşladylar.
Missisipi ştatynda alligator awlamaklyga kanuny taýdan rugsat berlen, ýöne bu Ýabany tebigat, balykçylyk we seýilgähler departamenti tarapyndan düzgünleşdirilýär. Her awçy iki haýwandan köp awlamaly däldir. Awçylar süýrenijileri tutmakda dürli usullary we gurallary ulanýarlar, onsoňam olja diňe bir et bolman, eýsem, guşak we gapjyk öndürmekde ulanylýan alligator derisi hem bolup biler.
Şeýle awyň etikasy barada sosial ulgamlarda jedeller möwjedi. Käbir ulanyjylar şeýle ajaýyp haýwanyň öldürilenine gynanç bildirdiler we alligatoryň azyndan 50 ýaşynda bolmagynyň mümkindigini çakladylar.


şu gün 00:57
2.4k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......