Telegram-yň Premium-abunaçylarynyň sany 10 milliondan geçdi. Birnäçe täzelenmeler goşuldy

  • 11.09.2024 13:26
  • 3.3k+

Sentýabr aýynda Telegram-yň premium-wersiýasynyň abunaçylarynyň sany 10 milliondan geçdi. Bu sekiz aý mundan ozalky abunaçylaryň sanyndan iki esse köpdür diýip, messenjeriň topary habar berdi.

Bu habar bilen birlikde, Telegram programma täzelenmesini hödürledi. Onda uly bir üýtgeşmeler ýok, sebäbi platforma awgust aýynda iki gezek täzelenipdi.
Täze täzelenme kanallar we toparlar üçin täze aýratynlyklarda jemlenýär. Indi olaryň eýeleri tölegli metbugata, kanal abunalaryna, oýunlardaky we amaly programmalardaky wirtual harytlara sarp edip boljak ýyldyzlary öz içine almak bilen, tötänleýin paýlanýan baýraklary alyp bilerler. Telegram guramaçylardan baýraklary öňünden tölemegini talap edip, utuşlaryň adalatlylygyny kepillendirýär.
Gurlan Telegram brauzeri hem täzelendi: ykjam wersiýa tekstleri çalt görmek üçin mümkinçilik goşdy. Makalalaryň daşky görnüşini awtomatiki usulda optimallaşdyrýar, okamaga amatly edýär we aňsatlaşdyrýar. Şu wagta çenli bu aýratynlyk diňe desktop wersiýasynda bardy.


düýn 10:43
3.2k+

Telegramdan ýene bir täzelik

Telegram-yň beta-wersiýasynda ýazylan tekstleri gönüden-göni çatda redaktirlemäge mümkinçilik berýän AI Editor funksiýasy peýda boldy. Bu gural messenjeriň öz interfeýsine birleşdirilen emeli aň arkaly işleýär....

04.03.2026 12:15
1.1k+

GIF ýazgylary we şahsy çatlaryň goragy: Telegram-da näme üýtgedi?

Telegram 2026-njy ýylyň ilkinji bahar täzelemesini — 12.5 wersiýasyny çykardy. Bu täzelenme hem Premium agzalary, hem mugt ulanýanlary täze mümkinçilikler bilen begendirdi. Olardan iň esasy üýtgeşmeler: Şahsy çatlarda göçürmegi gadagan etmek: Premium ulanyjylar indi şahsy ýazmalaryň (çatlaryň) mazmunyny göçürmegi gadagan edip bilerler...

20.02.2026 11:52
775

Telegram şahsy çatlarda habar göçürmegi gadagan etmäge taýýarlanýar

Messenjer şahsy hat alyşmalaryň gizlinligini has-da güýçlendirjek täze funksiýany synagdan geçirýär. Indi ulanyjylar diňe bir kanallarda däl, eýsem özara çatlarda-da maglumatlaryň ýaýradylmagynyň öňüni alyp bilerler...

17.02.2026 15:30
2.1k+

Uly tükelleýiş: Telegram bir gije-gündiziň içinde 230 müňden gowrak kanaly we topary öçürdi

​Telegram messenjeri platformanyň düzgünlerini bozanlygy sebäpli 24 sagadyň içinde 230 müňden gowrak kanaly we topary bloklady. ​Bloklananlaryň arasynda kezzapçylyk shemalary, gadagan edilen kontentleri ýaýratmak, şeýle hem terrorçylykly ugurdaky işler bilen baglanyşykly jemgyýetçilik toparlary bar...