Mercedes-Maybach alty ysly atyr kolleksiýasyny çykardy

  • 10.09.2024 19:19
  • 6.2k+

Mersedes-Benz konserniniň Maybach subbrendi Haut Parfumerie atly hoşboý yslaryň ilkinji kolleksiýasyny çykardy. Kolleksiýada fransuz parfýumeri Ann Flipo tarapyndan işlenip düzülen alty atyr bar.

Alty ysyň hersiniň bir özboluşlylygy bar: Radiant Green, Snow white leather, Fascinating oud, Vibrant tuberose, Unexpected orris we Charismatic rose.
Kolleksiýa üçin aýratyn gaplama döredildi. Birmeňzeş şekilli aýna çüýşeler Maybach nyşanynyň stilindäki nagyş bilen bezelendir.
Her çüýşäniň bahasy 325 ýewra, toplumy 2390 ýewra satyn alyp bolýar
2023-nji ýylda “Mersedes-AMG” şuňa meňzeş kolleksiýany çykardy. Käbir kompaniýalar düýbünden üýtgeşik atyrlary döredýärler. Meselem, Nissan kompaniýasy şu ýylyň maý aýynda ýakylan reziniň ys öwüşgini bolan atyr çykardy.


20.06.2026 12:20
4.1k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....