Parižde tomusky Paralimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi

  • 10.09.2024 12:22
  • 4.6k+

Parižde 168 ýurtdan tas 4,5 müň türgen ýygnan XVII tomusky Paralimpiýa oýunlary tamamlandy. Ýapylyş dabarasy “Stad de Frans” stadionynda geçirildi we 24 sany fransiýaly sazandanyň gatnaşmagynda uly şüweleň hökmünde guraldy diýip, Bi-bi-Si ýazýar.

Ýagşyň ýagandygyna garamazdan, çäre gyzykly we baýramçylyk ruhunda geçdi.
Medal hasabatynyň netijesi boýunça, Hytaý 94 altyn medal bilen birinji orny eýeledi, ikinji orunda Beýik Britaniýa, üçünji orunda ABŞ ýerleşdi.
Guramaçylar ýaryşlaryň geçiriliş derejesini ep-esli ýokarlandyrdylar, petek satuwy bolsa rekord görkezijä ýetdi – tas 2,5 mln petek satyldy, olardan 90%-den gowragyny ýerli ilat aldy. Paralimpiýa meýdançalaryndan fransuz kanallarynyň TW ýaýlymlarynyň reýtingi hem görlüp-eşidilmedik derejede ýokary boldy.


Dabara Olimpiýa alawynyň öçürilmegi we estafetanyň 2028-nji ýylda Oýunlary kabul etjek şäher Los-Anjelese geçirilmegi bilen tamamlandy. Çäräniň jemleýji bölegi Oýunlaryň tamamlanandygyny alamatlandyran feýerwerk boldy.


02.06.2026 12:06
10k+

Futbol nebereleri: Zidanyň ogly DÇ-2026-da Alžiriň düzüminde oýnar, Ançelottiniň ogly bolsa «Lilliň» tälimçisi boldy

Alžiriň Futbol federasiýasy öňümizdäki dünýä birinjiligine gatnaşjak milli toparyň gutarnykly sanawyny mälim etdi. Bu sanawa Ispaniýanyň «Granada» klubunyň 28 ýaşly derwezeçisi, meşhur fransuz futbolçysy......

14.05.2026 10:38
3.3k+

«PSŽ» 14-nji we yzygider bäşinji gezek Fransiýanyň çempiony boldy

«PSŽ» möhletinden ir Fransiýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy....

13.05.2026 09:28
3.7k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

18.04.2026 12:16
2.6k+

«Marsel» futbol kluby täze logotipini tanyşdyrdy

Fransiýanyň «Marsel» futbol kluby 2026/2027-nji ýyl möwsüminden başlap ulanyljak täze logotipini hödürledi....