Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça dünýä çempionatynyň altyn medalyny aldy

  • 09.09.2024 13:34
  • 23k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Türkmenistanyň taryhynda 20 ýaşa çenli pälwanlaryň arasynda ilkinji altyn medaly gazandy. Bu medala türkmenistanly pälwan Ispaniýanyň Pontewedra şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda (U-20) eýe boldy diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Alp Arslan Begenjowyň çykyş eden 79 kilograma çenli agram derejesinde 28 türgen bäsleşdi. Ildeşimiz ýaryşyň ähli tapgyrlaryny ynamly geçdi:

  • saýlama tapgyrda eýranly Mahdi Ýusufihajiwardan 10:0 hasabynda üstün çykdy;
  • ukrainaly Oleksandr Mamroşy 10:0 hasap bilen ýeňdi;
  • çärýek finalda belarusly Dmitriý Lukaşçugy ýeňen 10:0 hasap bilen ýeňdi;
  • ýarymfinalda hindistanly türgen Amit Amitadan 11:0 hasabynda üstün çykdy;
  • final tutluşygynda amerikaly türgen Zakari D Raýderi 5:0 hasabynda ýeňdi.

Bu agram derejesinde bürünç medallara Mahdi Ýusufihajiwar we braziliýaly Leandro Arauho mynasyp boldy.
Alp Arslan Begenjow şu ýylyň mart aýynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşda, iýun aýynda Iordaniýanyň Amman şäherinde geçirilen 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasyndaky Aziýanyň çempionatynda hem bürünç medallary eýeläpdi. Şeýle hem ezber türgen iýul aýynda Tailandyň Si-Raça şäherinde 20 ýaşa çenli türgenleriň arasyndaky geçirilen erkin göreş boýunça Aziýanyň çempionatynda altyn medala mynasyp bolupdy.


14.05.2026 15:38
2.2k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

21.04.2026 20:58
5.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.8k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....