Linkin Park rok topary ýedi ýyldan soň täze albom we wokalçy bilen yzyna gaýdyp gelýär

  • 09.09.2024 11:10
  • 3.8k+

XX asyryň iň üstünlikli rok toparlaryndan biri bolan Linkin Park wokalçy Çester Benningtonyň aradan çykmagyndan ýedi ýyl soň täzeden sahna gaýdyp gelýär. Toparyň agzalary muny YouTube ýaýlymynda habar berdiler.

Toparda merhum Benningtonyň ornunda Dead Sara granž toparynyň aýdymçysy Emili Armstrong çykyş eder we deprekçiniň ýerini bolsa topary esaslandyryjylaryň biri Rob Burdonyň deregine gelen Kolin Britten eýelär.
Linkin Park-yň täze agzalaryndan başga-da, onuň düzüminde 1996-njy ýyldan bäri asyl toparda çykyş edip gelen sazandalary: Maýk Şinoda (ikinji wokal, klawişler, gitara, tekstleriň awtory), Bred Delson (gitara), Deýw Farrell (bas gitara) we Jo Han (dijeý) bolar.
Bu topar eýýäm 15-nji noýabrda Warner Records-da çykmagy meýilleşdirilýän “From Zero” atly albomda ýerleşdiriljek, “The Emptiness Machine” atly täze düzüm bilen ilkinji aýdymy çykardy. Albom jemi 11 aýdymdan ybarat bolar.
Şeýle hem, Linkin Park 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Los-Anželesde, Nýu-Ýorkda, Gamburgda, Londonda, Seulda we Bogotada geçiriljek konsertler bilen başlanjak täze albomy goldamak üçin dünýä syýahatyny yglan etdi. 2025-nji ýylda bu topar beýleki ýurtlara aýlanmagyny dowam etdirer.
Linkin Parkyň agzalary soňky ýyllarda Benningtonyň 2017-nji ýyldaky pajygaly ölüminden soň döredijilik dynç alşynda boldular. Ol 41 ýaşyndady. Topar konsert bermegini togtatdy we şol ýylyň oktýabr aýynda Çesteriň hatyrasyna hormat konsertini gurady. Şondan bäri topar bilelikde çykyş etmedi, Maýk Şinoda bolsa ýekelikdäki karýerasyna ünsüni jemledi.
2000-nji ýyllaryň başynda Linkin Park täze asyryň äheňini kesgitleýän toparlaryň birine öwrülipdi. “Hybrid Theory” (2001) atly ilkinji albomy bilen Benningtonyň wokalynyň we Maýk Şinodanyň rep bölekleriniň güýçli utgaşmasy netijesinde bu topar dünýä derejesinde tanaldy. Ondan soňky albomlar toparyň üstünligini berkitdi we "Meteora", "Minutes to Midnight" we "A Thousand Suns" ýazgylary bolsa däp  derejesine eýe boldy.

düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
823

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......