200 m aralykdaky gurluşlary gözlemäge ukyply Bluetooth 6.0 hödürlendi

  • 09.09.2024 01:46
  • 3.4k+

Bluetooth Special Interest Group (SIG) korporasiýasy Bluetooth tehnologiýasynyň altynjy neslini hödürledi we onuň esasy aýratynlygy Channel Sounding funksiýasy boldy. Bu funksiýa gurluşlaryň arasyndaky aralygy ýokary takyklyk bilen kesgitlemäge mümkinçilik berýär diýip, 9to5Mac portaly habar berýär.

Channel Sounding 200 m çenli aralykdaky gurluşlaryň ýerleşýän ýerini 1 sm çenli takyklyk bilen kesgitleýär. Bu, aýratynam, telefonlary, nauşnikleri we beýleki gajetleri tapmak üçin peýdalydyr.
Channel Sounding funksiýasyndan başga-da, Bluetooth 6.0 bäşden gowrak beýleki kämilleşdirmeleri öz içine aldy, kompaniýanyň resmi saýtynda olar barada giňişleýin maglumat berilýär. Bu üýtgeşmeler, ilkinji nobatda, Bluetooth-y öz önümlerine birikdirýän kompaniýalary gyzyklandyrar. Altynjy nesil Bluetooth-y goldaýan ilkinji gurluşlaryň bazarda eýýäm 2025-nji ýylda peýda bolmagyna garaşylýar.

düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
823

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......