Selena Gomes dollar milliarderi boldy

  • 09.09.2024 01:10
  • 14k+

Amerikaly aýdymçy Selena Gomes dollar milliarderi boldy. Bu barada Bloomberg habar berýär.

Agentligiň hasaplamalaryna görä, Gomesiň baýlygy, esasan, işewürligiň hasabyna 1,3 mlrd dollara ýetdi. Aýdymçynyň bäş ýyl mundan ozal işe girizen Rare Beauty atly kosmetika hatary bar. Brendiň kapitalynyň 80%-i Gomesiň paýyna düşýär.
Bloomberg Gomesiň maliýe ýagdaýyny hasaplamak üçin onuň satylan aýdym-saz albomlarynyň we gozgalmaýan emläkleriniň bahasyny, akym hyzmatlary bilen şertnamalardan, brendler bilen hyzmatdaşlykdan, konsertler üçin petek satuwyndan we aktýorlyk işinden gelýän girdejileri göz öňünde tutdy. Şeýle-de, Gomesiň akyl taýdan näsazlygy bolan adamlara kömek edýän we akyl saglygyny öwrenmek bilen meşgullanýan Wondermind startapy bar.
Şeýlelikde, aýdymçynyň kapitalynyň 6,9%-ini hyzmatdaşlyk şertnamalary, 4,8%-ini konsert girdejileri, 2,6%-ini Wondermind, 1,8%-ini albom satuwy, 1,3%-ini aktýorlyk işi emele getirýär. Akym hyzmatlary bilen şertnamalar we onuň gozgalmaýan emläginiň umumy bahasy kapitalyň 0,7%-ini we 0,6%-ini üpjün edýär.
Gomes karýerasyna 2002-nji ýylda başlap, “Barni we dostlar” şouwyna düşdi, ýöne ol “Weýberli pleýs” serialynyň üsti bilen meşhurlyk gazandy. Ol aýdym-saz karýerasyna başlandan soň, Selena Gomez & the Scene toparynyň düzüminde ilkinji üç studiýa albomyny çykardy, soň onuň ýene iki mini-albomy we bir ýygyndysy çykdy. Soňra Gomes ýekelikde çykyş edip başlady we diňe aýdym çykardy.

düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
823

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......