“Barselona” janköýerler üçin öz taryhynda iň gymmat köýnekçäni satuwa çykardy

  • 07.09.2024 21:39
  • 11k+

“Barselona” täze çykyş eşik toplumyndan köýnekçäni rekord baha bilen satuwa çykardy. Klubuň resmi saýtynda köýnekçäniň esasy görnüşiniň bahasy 114,99 ýewro barabar. Eger janköýerler köýnekçä familiýa we belgi ýazdyrmak islese, onda olar 184,99 ýewro tölemeli bolar.

Mundo Deportivo neşiriniň habar bermegine görä, şeýle bahalar Kataloniýa klubunyň täze köýnekçesini taryhda iň gymmat köýnekçä öwürýär.
Deňeşdirmek üçin, Madridiň “Realynyň” köýnekçesiniň esasy görnüşi 15 ýewro arzan, familiýa we belgi bilen – 184,99 ýewro.
La Liganyň dört tapgyryndan soň “Barselona” 12 utuk bilen ýaryş jedwelinde birinji orny eýeleýär. “Real” sekiz utuk bilen dördünji orunda ýerleşýär.


düýn 23:41
2.3k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.3k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.1k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......